BUÝSANJYM – ÇÄKSIZ

1170
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz bilen baglanyşykly wakalaryň mazmuny has baýlaşýar. Türkmenistanyň  Medeniýet ministrligi bilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden “Türkmen alabaýy merdanalygyň nusgasy” atly döredijilik bäsleşigi hem şonuň mysalydyr. Ýaňy ýakynda şol bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, maňa ýeňiji bolmak miýesser etdi. Bu meniň üçin diýseň buýsançly waka boldy. 
   Mälim bolşy ýaly, mähriban Watanymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilýär. Şu bäsleşige bagtyýar ýaşlaryň birnäçesi gatnaşdy hem-de türkmen alabaýynyň döredijilikdäki ajaýyp keşbini giňden dabaralandyrdylar. Döredijilik bäsleşiginiň göwün joşduryjy dabarasy Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Döredijilik äleminde tapawutlanan ýaşlara sowgatlar gowşuryldy. Şeýle ajaýyp pursatlara şaýat bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin diýseň begenýärin. Geljekde hem täzeçilligiň gözleginde bolup, döwrümiziň ösüşlerinden joşgun alyp, watançylyk, syýasy- jemgyýetçilik ähmiýetli makalalary habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli halkymyza ýetireris. Ýaşlaryň ylmy, hünär we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, olary watansöýüjilik duýgusynda terbiýelemek ugrunda ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini ýaş ýüregimden arzuw edýärin. Goý, her bir maşgalada parahatçylyk we abadançylyk höküm sürsün! 

Aýna Geldimyradowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Kitaphanaçylyk fakultetiniň
Muzeologiýa, medeni we tebigy
 miras ýadygärliklerini goramak 
taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm