«TÜRKMENISTANDA SYÝAHATÇYLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ESASY UGURLARY WE MÜMKINÇILIKLERI» ATLY HALKARA MASLAHAT

623
   27-nji martda Aşgabatda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny ünsli diňlediler. Bu foruma halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar syýahatçylyk infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändigini bellediler. Forumda çykyş edenler bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemläp, häzirki wagtda ulgamyň ösmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň zerurdygyny bellediler. Foruma Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri hem gatnaşdylar. Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we bu babatda halkara derejedäki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek forumyň baş maksatlarynyň biri boldy. Halkara maslahatyň geçirilýän ýerinde türkmen medeniýetiniň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda halk senetçiliginiň kämil nusgalary, türkmen halylary, fotosuratlar, sungat eserleri görkezildi. Sergide ýurduň öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanalary hem öz mümkinçiliklerini hödürlediler. Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý syýahatçylyk mümkinçiliklerini, ýurtda ekosyýahatçylygy ösdürmegiň geljegini, medeni ugurlary we pudagyň beýleki taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 27-nji martda günüň ikinji ýarymynda Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda hem myhmanlaryň  gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi. Maslahata syýahatçylyk fakultetiniň mugallymlary we  talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Pirguly PIRGULYÝEW
 syýahatçylyk kafedrasynyň müdiri

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm