MEDENIÝETARA HYZMATDAŞLYK

583

17-19-njy sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy
intelligensiýasynyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we
medeniýetleriň köpdürlüligi» atly XVII forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylymbilim, döredijilik ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly Döwletara baýragyň we
«Arkalaşygyň debýutlary» atly halkara baýragyň gowşurylyş dabaralary, «Arkalaşygyň medeni paýtagty» atly Döwletara maksatnamanyň görkezilişi ýatda galyjy
pursatlara baý boldy. «Başkortostan» Döwlet konsert zalyndaky GDA-nyň Ýaşlar
simfoniki orkestriniň çykyşy forumyň özboluşly bezegine öwrüldi. Orkestre
watandaşymyz Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmegi bizi has-da buýsandyrdy.
GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII
forumynyň çäklerinde geçirilen «Arkalaşygyň ýurtlarynyň döredijilik täzeçillikleri
we milli-medeni däp-dessurlary» hem-de «GDA-da sanly ulgamyň ornaşdyrylýan
döwründe ylym-bilimiň ýagdaýy» atly maslahatlar dürli ýurtlardan baran medeniýet,
edebiýat, sungat, ylym-bilim işgärleri üçin hakyky pikir alyşmalar meýdanyna
öwrüldi. «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna»,
«Kino GDAgiňişliginde», «GDA ýurtlarynyň inklýuziw sungaty: hyzmatdaşlygyň
görnüşleri» atly tegelek stoluň başyndaky maslahatlar hem dostlukly ýurtlaryň
medeni, ylym-bilim giňişliginde täzeçil pikirleriň barha giň gerim alýandygyny
görkezdi.
Halkara derejesindäki şeýle çärelere gatnaşmaga döredilýän mümkinçilikler
üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun
aýdýarys.

Göwher ALLABERENOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
medeniýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri 

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm