TÄZE SAHNA ÇYKYŞLARY: TÄZE ÝÜZLER
199Şu günler ýurdumyzyň beýleki okuw mekdeplerinde
bolşy ýaly, Türkmen döwlet medeniýet institutynda hem gyşky hasap-synag möwsümi
dowam edýär. Ýakynda institutyň medeni miras fakultetiniň horeografiýa sungaty:
folklor toparyny guramak we dolandyrmak taýýarlyk ugrunyň I-II ýyllyk talyplarynyň
esasy hünär dersleri bolan folkloryň režissurasy dersi boýunça “Salam sungat! Salam
sahna!” atly hasap-synag konserti boldy. Bu konsert sözüň doly manysynda
bu hünärden okaýan talyp ýaşlaryň
nazaryýetde alan bilimleriniň tejribede amal etmekleri, öz ukyp-başarnyklaryny sahna
sungatynda açyp görkezmekleri üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Hasap-synag
konsertinde görkezilen, türkmen halkynyň baý şahyrana halk döredijiliginden
söhbet açýan gyzykly folklor çykyşlary toparyň çeper ýolbaşçysy, esasy
hünär-ders mugallymy, medeniýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Enejan
Annageldiýewanyň çeken zähmetiniň ýerine düşenliginiň aýdyň subutnamasydyr.
Merdan ABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň uly mugallymy.