Institutymyzyň buýsanjy.

334

(“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary
Monte-Karloda guralan halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş etdi.)



     “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary baýrak aldy, bu ýakymly
täzelik türkmen halkynyň buşlukly habarlarynyň dowamatyna öwrüldi. Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň Sirk sungaty
taýýarlygyň ugrunda okaýan talyp deň-duşumyz – Gurbanmyradow Tirkişmuhammediň
bu toparda çykyş etmegi biziň ähli talyplarymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy.



     “Galkynyş” milli at üstündäki
oýunlar topary Monte-Karloda guralan halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş
etdi.



     Türkmen halkynyň milli buýsanjy
hasaplanýan Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda
döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler, şertler oňyn netijelerini berýär.
Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli
dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Ahalteke
bedewleriniň şan-şöhraty has-da beýgelýär.



     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde
döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň ençeme
döwletlerinde üstünlikli çykyşlary bilen türkmen halkynyň at-abraýyny barha
ýokarlandyrýar. Bu bolsa, Ahalteke bedewleriniň mekany bolan Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistany Ýer ýüzünde ykrar etdirýän ýakymly pursatlaryň ýyl
ýazgysynda mynasyp orna eýedir.



     Milli medeniýetimiziň şan-şöhratyny arşa
galdyrmak üçin asyrlara barabar döwlet işlerini durmuşa geçirýän Milli
Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmen döwlet medeniýet institutynyň  talyp ýaşlarynyň adyndan köp sag bolsunlar
aýdýarys.



Baýrakly orunlaryň höwri kän bolsun!



 



                                                               
      Gülälek ORAZGELDIÝEWA



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



                                                                
2-nji ýyl talyby 

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm