TEATRLAŞDYRYLAN DABARA

4730

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylyny» dabaralandyrmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyl
ýubileý toýuny giňden wagyz etmek maksady bilen, sungatyň bilim berýän ojagy
bolan Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda özboluşly öwüşgini özünde
jemleýän teatrlaşdyrylan dabara geçirildi. Bu dabara institutymyzyň teatr
sungaty fakultetiniň halypa mugallymlarynyň özboluşly tilsimler bilen alyp
barmagynda we talyplaryň halypa mugallymlar bilen sowal-jogaply pikir alyşmalary
bilen iňňän täsirli jemlendi. Sahnada ýerine ýetirilen aýdym-sazly kompozisiýadyr
çeper okaýyşlar we birnäçe sahna parçalary dabaranyň mazmunyna bezeg berdi.
Şunuň bilen bir hatarda, höwesjeň talyplaryň okuw sapaklarynyň tejribe
pursatlaryny öz talyp deň-duşlaryna hödürlemekleri dabaranyň terbiýeçilik
ähmiýetini has-da artdyrdy.



 
       Durmuşy we her bir edýän
işimizi gyzyklandyrmak biziň öz elimizde, çünki häzirki günde bize gyzykly
durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenip döretmäge uly mümkinçilikler döredilen. Biz
talyp ýaşlara bolsa özümize berilýän nygmatlardan ýerlikli peýdalanyp döretmek
galýar.



         Bizi
bagtyýar durmuşda ýaşadýan, okap, öwrenip döretmäge ähli ýollary giňden açan
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden sag
bolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag, ömürleri uzak, kämil ýollary hemişe parahat dünýäde belent
menzillere, beýik sepgitlere tutsun!



 



Nursoltan DERÝAÝEWA,



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



teatr sungaty
fakultetiniň



dramaturgiýa taýýarlyk
ugrunyň



3-nji
ýyl talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm