Täze ýyl geldi
1292Aslynda bolsa, Täze ýyl baýramçylygy Ýewropa ýurtlarynda we dünýäniň beýleki ýerlerinde has giňden bellenilýär. Täze ýyl baýramynyň bir hepde öňünden, rusça «Рождество», iňlisçe «Christmas» güni bellenilýär. Häzirki wagtda bellenilýän Täze ýyl gününde grigorian senenamasy boýunça täze ýyl çalşylýar.
Bu baýramy käbir halklar dürli däpler boýunça belleýärler. Mysal üçin, hytaýlarda, wýetnamlarda ýanwar aýynyň ahyrlaryndan fewral aýynyň ortalaryna çenli bellenilip geçilýär.
Grigorian senenamasy boýunça 1-nji ýanwarda Täze ýyl baýramyny bellemek türkmen halkymyz üçin däbe öwrülen baýramlaryň biri boldy. Halkymyz ýylyň täzelenýän gününde maşgalanyň ähli agzalary bilen bilelikde bereketli ojagynda naz-nygmatdan doly giň saçak bezäp agzybirlikde täze ýyly garşylaýarlar.
Her ýylyň gyş paslynyň ilkinji aýynda çagalar Aýazbaba we agtyjagy Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Körpeler täze ýyl barada öwrenen goşgularyny Aýazbaba aýdyp berip, sowgat alýarlar. Bu bolsa, baýramyň şowhunyny has-da artdyrýar. Şu ýyl Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, eziz Arkadagymyzdan welosiped sowgadyny alan oglan bolsa, muny ömürboýy unutmaz. Bu bagtly pursatlar hakynda eşidenleriň hem bu hakydasynda hemişelik galar.
Täze ýyl baýramçylygynyň garşy alynýan günlerinde, institutymyzyň ähli ýerini şatlyk-şagalaň gurşap aldy. Türkmen döwlet Medeniýet institutymyzyň joşgunly talyp ýaşlary halypa mugallymlarymyzyň ýardam bermeginde, Täze ýyl baýramyna bagyşlap aýdym-sazly sazly taýýarlap, ony tele we radio ýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler.