Medeniýeti öwreniş boýunça bäsleşdiler

1762
1-nji dekabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Medeniýeti öwreniş” boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi.  Şeýle onlaýn bäsleşigi institutyň tejribesinde ikinji gezek geçirilip, hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyny mynasyp garşy almaklyga gönükdirilen çärelere badalga berdi.   “Türkmenistanyň Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda medeniýetiň nazaryýetinden we dünýä halklarynyň medeniýetinden baş çykaryp bilýän kämil, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, bilim ulgamynda talyp ýaşlaryň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna erk etmeklerini gazanmak maksady bu bäsleşigiň guramaçylarynyň esasy maksadyny aňladýar. Ýurdumyzyň 12 sany ýokary okuw mekdebinden 60 talybyň gatnaşmagy bilen bäsleşik has gyzgalaňly geçdi. Ýeňijileri ýüze çykarmak bilen emin agzalary ýaşlaryň ýurdumyzyň medeniýetini öwrenmäge höweslidiklerini aýratyn beleldiler.  
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Medeniýeti öwreniş” dersi boýunça geçirilen onlaýn ders bäsleşiginde I-nji ýer Türkmen döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary mynasyp boldular. Toparlaýyn oýunda II ýere Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwestitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara  gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet  medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynyň, S.A.Nyýazow  adyndaky Türkmen oba hojalyk Uniwerstitetiniň talyplary eýe boldular. 
Bäsleşikde Türkmen döwlet  medeniýet institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen Oba hojalyk Institutynyň,  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz Uniwersitetiniň,  Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary III orunlary eýelediler. 
Görnüşi ýaly, medeniýeti öwreniş ähli ugurlarda okaýan talyplar üçin hem gyzykly we täsin ugur bolmagynda galýar. 

Ogulsona Gojaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
“Maglumat ulgamlary” kafedrasynyň müdiri

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm