Magtymguly Pyragy – halkara ylmy jemgyýetçiliginde

1294
Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler baý mazmuna eýe bolýar. Diňe bir Diýarymyzyň däl, eýsem dünýäniň ylmy we döredijilik ulgamynyň wekillerini bir supra jemleýän döwletli tutumlaryň biri Medeniýet, sungat we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde geçirildi. Has takygy, iýun aýynyň 24–27-si aralygynda, gözel paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty bolup geçdi. Maslahatyň açylyş dabarasyna ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda institutymyzyň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatyň IV “Magtymgulynyň şygryýet älemi” bölümi institutymyzda dowam etdi. Maslahatda Germaniýa döwletiniň Kipr uniwersitetiniň professory Gülşen Sahatowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Merdan Tuweleew ýolbaşçylyk etdi.
Maslahata Ispaniýa Patyşalygyndan Wert Lozano Monika, Eýran Yslam Respublikasyndan Abdylhamyt Jami, Hindistandan Maurýa Abhaý Kumar we ýurdymyzyň dürli pudaklaryndan  onlaýn arkaly gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler akyldar şahyryň şygyrlarynyň düzüliş aýratynlyklaryny, çeperçiligini we terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda ylmy garaýyşlaryny köpçülik bilen paýlaşdylar. Şol gün halkara çäräniň çäklerinde institutymyzda “Magtymgulynyň Şygryýet älemi” atly duşuşyk  hem geçirildi. Duşuşyk döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlarda uly täsir galdyrdy. 
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdiler.  

Ulugberdi Hanmämmedow
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Kitaphana maglumat işi taýýarlyk
ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm