Kalby ylhamly bagtyýar ýaşlar

1475
Ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet, sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygy mynasybetli, Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Kalby ylhamly bagtyýar ýaşlar” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik ýurdumyzyň medeniýet ulgamy üçin dürli derejedäki gerekli hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýeti, ýaşlarda nazaryýet bilimleri bilen birlikde döredijilik we sungat babatdaky mümkinçilikleri kemala getirmek ugrundaky tagallalaryň dowamy hökmünde yglan edilip, oňa Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň, Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebimiziň zehinli talyplary gatnaşdylar. Gyzykly geçen  şowhunly çäre Berkarar döwrümiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ösüşiniň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny aýan etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam etmek, olarda eziz Watanymyza, milli medeniýetimize egsilmez Bäsleşigiň ilkinji şertleri “Hyýalymdaky dünýä”atly şekillendiriş sungatynyň eserleri boýunça bäsleşiginiň, “Haýran edýän gözellik” atly düşürilen suratlaryň (fotosuratlaryň) bäsleşiginiň esasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda  uly sergi guraldy. “Sahna ussadyny saýlamak”, “Seýil edeliň bu jahana”, “Ýerine ýetirilen aýdymyň kompozitoruny we ýerine ýetirijini dogry kesgitlemek”, “Iň gowy kinodan ýatda galanlar” ugurlary boýunça talyplaryň iň zehinleri eminler topary tarapyndan kesgitlenildi.  Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinden Arçynow Serdar, Orazow Orazgeldi, Gurbanow Ýazberdi, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinden Myradowa Aýnur, Seýidowa Merjen, Esenowa Selbi aýratyn tapawutlandylar.  Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň suratkeşleriniň sergide goýlan işleri gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. 
Döredijilik çäresiniň ahyrynda  eminler topary ýeňijileri yglan etdiler. Olara institutyň ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 
Tuweleew Merdan 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylmy 
we döredijilik işleri boýunça prorektory

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm