SPORTUŇ DÖWREBAP GÖRNÜŞI MEŞHURLYGA EÝE BOLÝAR

648
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz täze ösüşlere badalga alýar. 
   Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda fijital-sport boýunça ýaryşlaryň tapgyry we «Açyk gapylar hepdeligi» geçirildi. Paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we umumy bilim berýän orta mekdepleriniň toparlarynyň gatnaşýan döwrebap bäsleşigi dört ugur boýunça geçirildi. Fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-stoluň üstünde oýnalýan tennis we fijital-karate-do boýunça fiziki bäsleşikler örän gyzgalaňly geçdi.Mälim bolşy ýaly, «Fijital» adalgasy – physical (beden) we digital (sanly) diýen iki sözden ybarat bolup, hakyky we wirtual birleşmegi aňladýar. Bäsleşigiň bu görnüşinde şol bir topar ilki hakyky sportda, soň bolsa bu sporta meňzeş elektron sport oýnunda göreşýär.Fijital-sport Türkmenistanda täze başlan sport hasaplanylýar. Şu ýylda Türkmenistanly ýaşlar Kazan şäherinde geçirilen «Geljegiň oýunlarynyň» fijital-futbol,  fijital-basketbol oýunlaryna gatnaşdylar.
     Biziň Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň döredijilik hünärlerinde bilim alýan talyplaryndan ybarat bolan topary hem ýurdumyzda geçirilen bu ýaryşa ýokary işjeňlik gatnaşdylar. Talyp ýaşlar sagdyn aň we beden sazlaşygyndaky sportuň täze görnüşiniň özlerinde örän uly gyzyklanma döredýändigini buýsanç bilen belleýärler.
Tagantäç TUWAKOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
medeni miras fakultetiniň talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm