DERS BÄSLEŞIGI ONLAÝN GÖRNÜŞDE GEÇIRILDI

3122
   Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersi boýunça internet we sanly bilim tory arkaly onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň maksady Watanymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekden, ylym-bilim ulgamynda özara tejribe alyşmakdan hem-de häzirki döwürde kompýuter tehnologiýalary bilen baglanşykly ugurlarda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr. Onlaýn ders bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine laýyklykda oňa gatnaşyjy talyp ýaşlar bellenilen 60 minudyň dowamynda 50 sany soragdan ybarat teste jogap berdiler. 
   Bäsleşigiň netijesinde 1-nji derejeli diplomlara Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Akyýew Nedir, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gullyýew Akmyrat, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Baýrammyradow Begenç, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Orazlyýew Yhlas hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Muhammedow Baýnazar mynasyp boldylar. 
   2-nji derejeli diplomlara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Gurbanmuhammedow Sylag, Esenowa Mahym, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyplary Öwezowa Jahan hem-de Satybaldyýew Akmyrat, Myrat Garryýew adyndaky  Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Şyhyýewa Mylaýym, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Geldiýew Seýitmyrat, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Atamyradow Merdan mynasyp boldylar.    
   Onlaýn ders bäsleşiginiň 3-nji derejeli diplomlaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Babaýew Sumbar, Nurmyradow Akmuhammet hem-de Berdiýew Sanjar, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Annageldiýewa Söýli, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Amanow Şanazar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Temirow Akmuhammet, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Ýazgylyjow Hojaýusup, Myrat Garryýew adyndaky  Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Azimow Begenç, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Agaberdiýew Mukam mynasyp boldylar.

Maral MEREDOWA,
 Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
Maglumat ulgamlary kafedrasynyň mugallymy. 

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm