MEDENIÝETIŇ TARYHY HAKYNDA TÄSIRLI OKUW

55
Berkarar Watanymyzda ylmyň ähli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini işjeň paýlaşmak başlangyçlary giňden ýaýbaňlanýar. Halkara hyzmatdaşlykda medeni diplomatiýa hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň esasynda medeniýeti öwreniş ugry boýunça bilim hyzmatdaşlygynyň täze sahypalary halkara tejribeler, medeni mirasa bagyşlanan döwrebap okuwlar bilen baýlaşdyrylýar. 
Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetiniň hünärmeni, «Gulpediýa» bileleşiginiň esaslandyryjysy Tokunaga Ýuki «Ýapon senetçiliginiň taryhy» atly okuw sapagyny geçirdi. Medeniýeti öwreniji bilermen däp bolan senetçilik, medeni alyş-çalyş we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ylmy-barlaglary, okuw sapaklary, höwesjeň başlangyçlary bilen tanalýar. Ol dünýäniň dürli yklymlarynda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde medeniýetiň orny barada okuw sapaklaryny guraýar, medeni taslamalary taýýarlaýar. Esasan-da, ýaş nesliň arasynda ýapon senetçiliginiň mysalynda ýitip barýan nusgalary dikeltmeklige bagyşlanan okuwlary köpçülikleýin seslenmelere mynasyp bolýar.
Institutda geçirilen «Ýapon senetçiliginiň taryhy» atly okuw sapagynyň dowamynda bilermen talyplar bilen sowal-jogaplary alyşdy we türkmen talyplarynyň dünýä medeniýeti babatyndaky gyzyklanmalaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem myhman Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor-tans toparynyň çykyşlaryna, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny görkezýän halk oýunlaryna uly höwes bilen tomaşa etdi. Tokunaga Ýuki medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň okuw-laboratoriýa otaglarynda tejribe, amaly sapaklarynyň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Myhmanda taryhy ýadygärlikleriň nusgalaryna bagyşlanan milli gymmatlyklaryň we sungat eserleriniň sergileri aýratyn gyzyklanmalary döretdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji pursatlarynyň milli medeniýet çygrynda halkara tejribeleri baýlaşdyrmaklyga gönükdirilen çärelere ulaşmagy diýseň guwandyryjydyr. Milli bilim ulgamyny halkara derejelere çykarmakda iňňän uly işleri bitirýän Belent mertebeli Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklarymyzy aýdýarys.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
ylym bölüminiň başlygy.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm