TÜRKMENISTAN – ÝUNESKO: PARAHATÇYLYGYŇ BÄHBIDINE MEDENI HYZMATDAŞLYK
702025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: parahatçylygyň bähbidine medeni hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan guralan ylmy-amaly maslahaty Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Amanmyrat Durdymyradowiç Aýdogdyýew giriş sözi bilen açyp, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti, şanly Bitaraplygymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýaly mukaddes ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleri barada täsirli gürrüň berdi.
Ylmy-amaly maslahatda myhmanlar bilen birlikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Öwezmuhammet Mämmetnurow «Rowaýata siňen türkmen bedewleri», Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty Tyllanur Ataýewa «Maddy we ruhy gymmatlyklarymyz dünýä medeniýetinde», Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölüminiň başlygy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa «Kino sungaty medeni mirasy ýaýmagyň täsirli serişdesidir», Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Dramaturgiýa taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Döwletmyrat Karaýew «Molla Ependi teatr sungatynda» atly temalar boýunça çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda beýan edilýän watansöýüjilik, parahatçylyk, ynsanperwerlik, terbiýeçilik ähmiýetli pähim-paýhaslar, ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli amala aşyrylýan beýik işler, Halkara Bitaraplyk baýramçylygymyz mynasybetli geçirilýän dabaralar barada ýürek joşgunlary, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş-hoşallyk sözleri çykyşlaryň dowamynda belent ýaňlandy.
Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň zehinli talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ösüşlerine bagyşlanan aýdym-sazlary, «Şirwan perdeler» dutarçylar toparynyň, “Bagtyýarlyk mukamy” aýdym-saz toparynyň hem-de «Miras» folklor tans toparynyň aýdym-saz we tans çykyşlary diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölümi.




