ÝEŇIŞLI BASGANÇAK

721 Aýtmaklaryna görä, her bir üstünlik bir basgançagy aňladýar eken. Ine,
ýakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly
33 ýyllygyna we döwletimiziň ekologiýa syýasatyny dabaralandyrmak, akyldar
şahyrymyzyň gözel tebigatymyza bolan beýik söýgüsini wagyz etmek maksady
bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hem-de «Türkmen dünýäsi»
gazetiniň bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik
bäsleşiginiň hekaýa ugry boýunça ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Elbetde,
ýaşlary goldamak babatda nusgalyk işleriň çäginde bu ýeňşim hem üstünligiň bir
basgançagy bolandygyna buýsanýaryn.
Biz ýaşlara şeýlekin mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeli
başlary aman bolsun!


Begenç Annaýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm