“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” bir aýlygy dowam edýär Ýol asuda – il asuda

1571
   Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk, ýaşaýyş-jaý, gurluşyk, medeni-durmuş ähmiýetli taslamalaryň netijesinde, döwrebap obadyr şäherleriň durky özgerýär. Özüňi alyp barmagyň şol döwrebap şäherdir obalarymyza laýyk medeniýeti hem kemala gelýär. Şol işleriň sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylmagynda her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda yglan edilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzyň ylym-bilim we terbiýeçilik edaralarynda şunuň bilen baglylykda meýilnamanyň çäklerinde, dürli mazmundaky çäreler guralýar. Şolaryň biri ýaňy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan geçirildi. TIIM-niň, saglygy goraýyş ulgamynyň, Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky wagyz-nesihat çäresine institutyň talyplary gatnaşdylar. 
   Ýol hereketiniň howpsuzlygy adaty düşünje ýaly, ýöne ýolda asudalygyň üpjün edilmegi üçin sürüjileriň hem, pyýadalaryň hem öz hukuklaryna we kanuny borçlaryna dogry düşünmekleri, käbir düşünjeler babatda bolsa, bilimlerini yzygiderli baýlaşdyryp durmaklarynyň wajyplygy ýüze çykmak ähtimallygy bolan garaşylmadyk hadysalaryň öňüni almaga ýardam edýär. Bu barada çärä gatnaşanlar aýratyn bellediler. Talyplaryň ýol hereketi bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berdiler. Sürüjiniň özüni alyp barmakda oňaýly psihologik ýagdaýyň zerurlygyna aýratyn ünsi çekdiler. Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny ündeýän wideoroliklere tomaşa edildi. 
    Çäre diýseň täsirli geçdi. 

Çaryýew Jumamyrat, 
institutyň Kärdeşler 
arkalaşygynyň başlygy

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm