«DIALOG» HALKARA DISKUSSIÝA KLUBYNYŇ MASLAHATY

551

       Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasyny mugallymy
Annagözel Hallyýewadan, Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi
Rüstem Hojageldiýewden we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymyndan
ybarat bolan
pedagogik işgärleriň topary Suzdal şäheriniň 1000 ýyllygy
mynasybetli «Dialog» Halkara
Diskussiýa klubynyň
«Medeni
mirasyň goralyp saklanmagy
döwletliligi
berkitmegiň faktory hökmünde» atly Ikinji
maslahatyna gatnaşdylar. Türkmen toparynyň çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda
uly gyzyklanmalary döretdi.



         Bu
klub Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky halk hojalygy we
dowlet dolandyryşy Russiýa akademiýasynyň
Wladimirdäki şahamçasynyň teklibi bilen
2022-nji ýylda döredilipdi.
Klubuň birinji doly görnüşli maslahaty
2023-nji
ýylyň
14-nji iýulynda Wladimirde geçdi.
Maslahatda ilatyň ýaşaýyş-derejesini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp
maslahatlaşylypdy. Maslahata
4 döwletiň wekili
gatnaşyp, oňa rus we halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmalary ýokary bolupdy.



Bu ýylda bolsa, forumyň işine 11 ýurtdan wekiller gatnaşdylar: Hindistan, Hytaý
Halk Respublikasy, Şri-Lanka
Demokratik Sosialistik Respublikasy, Azerbaýjan, Gazagystan,
Belarus, Täjigistan, Kamerun we Türkmenistan. Maslahatda onlaýn tertipde
Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň wekilleri hem çykyş etdiler.



         Maslahatyň
geçen sebitinde klubuň esasy hemaýatkärleriniň biri, şeýle-de iri kärhanalar
toplumy bolan «Владимирский стандарт» birleşiginiň işi bilen tanyşlygyň
barşynda ýatdan çykmajak duşuşyklaryň, söhbetdeşlikleriň birnäçesi bolup geçdi.
Şunuň bilen birlikde, sebitiň iň owadan obasy diýip
4 gezek ykrar edilen Usolýe obasyna syýahat
üýtgeşik täsirleri peşgeş berdi. Obalylaryň öz güýjüne ata mesgenini bezemegi, şatlyk
bilen myhmanlary kabul etmegi örän täsirli boldy.         



          Ertesi gün dabaraly çäreleriň meýilnamasyna
laýyklykda,
1000 ýyllyk senesini belleýän Suzdal şäherine gezelenç
amala aşyryldy. Şäheriň rus
nejçarçylygyna
muhsus
binagärlik medeniýeti ýatdan çykmajak
duýgulary paýlaýar. Türkmenistanyň bilim işgärlerine dünýäniň täsin künjekleri
bilen tanşyp, öz milli medeniýetimizi dünýä tanatmaga döredip berýän giň
mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
hoşallygymyz
bimöçberdir.



   Ogulsona
GOJAÝEWA
,



Türkmen döwlet medeni institutynyň



maglumat ulgamlary kafedrasynyň müdiri.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm