GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE

149

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe abadan ýurdumyz
günsaýyn özgerýär, ösýär. Ajaýyp döwrüň sakasynda bolsa, medeniýetimiziň we
sungatymyzyň Hak Howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow ýaşlara uly ynam bildirip, ýokary derejede bilim alyp
ýurda wepaly, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallaly işleri
edýär. Ýaşlar üçin döredilip berilýän uly mümkinçilikler bolsa, biziň Watana
bolan söýgimizi,  buýsanjymyzy artdyrýar,
ruhumyzy galkyndyrýar. Şeýle-de, häzirki wagtda mekdeplerde we ýokary okuw
jaýlarynda ýygy-ýygydan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri  bagtyýar ýaşlara nusgalyk mekdep bolup
durýar.



         Ýakynda
hem biziň bilim ojagymyzda ýagny, Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda
Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň gatnaşmagynda, «Gyz gözelligi edebinde»
atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäräniň esasy maksady türkmen
gelin-gyzlarynyň özüni edep-ekramly alyp baryp, maşgala mukaddesligini,
ene-mamalarymyzdan gelýän terbiýäni, milliligimizi mynasyp derejede saklap
dowam etdirmekden, hem-de ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini
artdyrmakdan ybaratdyr. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi Geňeşiniň agzalary gyz-gelinleriň türkmençilikdäki ornuny şeýle
nakyllar bilen beýan etdiler: «Gyz edebi – il edebi. Gyzly öý – gyzyldan halka.
Gyzly öý – soltanly öý. Gyzly öýe rehnet ýagar.»



   Türkmen halky gyz-gelinlerini
gyzyl güle deňeýär. Şoňa laýyklykda hem häzirki wagtda gyz-gelinlere, ýaş nesillere
bildirilýän ynam juda uludyr. Bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary hökmünde biz hem
ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşup, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmek üçin
güýjümizi gaýgyrman bize bildirilýän ynamy ödemäge çalşarys! Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş-nesilleriň geljegi üçin alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuwlap, ýaş ýüregimizden sag
bolsunlarymyzy aýdýarys! Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak
bolsun!



Uzuk NOWRUZOWA,



Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň talyby,



Kärdeşler
arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi.



 

Paýlaş

11/06/2025

BILDIRIŞ

Türkmen döwlet medeniýet institutynda Erasmus+

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm