TEATR FESTIWALYNDAN BAÝRAK
15Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň
talyplaryndan düzülen döredijilik topary professor-mugallymlaryň
ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň 19-23-nji maýy aralygynda Gazagystan
Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen Türki döwletleriň sahna oýunlarynyň
üçünji halkara festiwalyna hem-de Türki döwletleriň medeniýet we sungat ugurly
ýokary okuw mekdepleriniň maslahatyna gatnaşdylar. Festiwalda türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaby esasynda institutyň dramaturgiýa taýýarlyk ugrunyň talyplary
tarapyndan taýýarlanylan «Ene öwüdi» atly sahna eseri görkezildi we döredijilik
toparynyň agzalary abraýly halkara baýragyna mynasyp boldy.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Ylym
bölümi.