SAGDYN BEDEN - SAGDYN RUH
17Sport – saglygyň girewi! Ata-babalardan gelýän «Saglygym – baş baýlygym»
ýörelgesini dowam edýän türkmen halkymyz sporta uly üns berýär. Ýaş nesliň
sagdyn bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyz,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ülňülerine
laýyk gelýän iri sport desgalary, sport merkezleri yzygiderli açylyp ulanylmaga
berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň
12-nji aprelinde geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji
iýun Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Şol günden bäri hem
welosiped ýörişi ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň, bagtyýar talyp
ýaşlaryň, ýaş nesilleriň gatnaşmagynda giň gerime eýe bolýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň sport meýdançasynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli medeni
sport çäresi giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Ýokary derejede geçirilen sport
çäresine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar talyplary, professor
mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Köpçülikleýin ýerine ýetirilen maşklar, sportuň
dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşikler, tigir ýörişi hem-de ýurdumyzyň
ösüşlerini, türkmen türgenlerimiziň sport üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlar
sport çäresine gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Sportuň göreş, tanap, çekmek,
stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşikler özüniň
gyzgalaňlygy bilen tapawutlandy.
Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda sporty ösdürmek, türkmen sportuny ýokary
derejelere çykarmak, sagdyn bedenli, kämil ruhly ýaş nesilleri terbiýeläp
ýetişdirmek ugrunda umumadamzat ähmiýetli beýik işleri alyp barýan Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz alkyşlaryny beýan etdiler.
Diýar GYLYJOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.