MILLI MEDENIÝETI ÖWRENMEGIŇ ESASY WEZIPELERI
9Türkmen döwlet medeniýet institutynda Ylymlar güni mynasybetli
geçirilýän «Medeniýeti we sungaty öwreniş ylymlarynyň esasy wezipeleri» atly
ylmy-amaly maslahat geçirildi. Umumy mejlisden we iki bölümden ybarat bolan
bu maslahat işjeň häsiýete eýe boldy. Maslahatda «Türkmen folkloryny
öwrenmegiň ylmy esaslary» atly çykyşy bilen S. Meredowa, «Ylym-bilim
ulgamy jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň binýady» atly çykyşy bilen A.
Ahmedowa, «Häzirki zaman türkmen telewideniýesinde alypbaryjynyň
ussatlygy» atly çykyşy bilen M. Sarykulow, «Arhiw resminamalarynyň
esasynda Türkmenistanyň ylmynyň taryhyndan maglumatlar» atly çykyşy
bilen B. Hojageldiýewa aýratyn tapawutlandylar. Maslahatyň dowamynda alymlyk
derejesine dalaşgärler, magistrantlar hem milli medeniýeti öwreniş ylmy barada
garaýyşlaryny beýan etdiler.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Ylym bölümi.