ARZUWYMYŇ HASYLY

592
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni guwandyryjy wakalara beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde maksatlar myrat tapýar. Bu ýyl meniň üçin hem guwandyryjy, şatlykly ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Alypbaryjy bolmak islegi bu ugurdan ussat bilim aljak talyp bolmak bagty bilen utgaşdy. Bu ýyl maňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Muňa buýsanjymyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmelerinde ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklary, döredijilikli ylmy-gözleg işleri bilen meşgullanmaklary, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri bilen baglanyşykly wezipeler aýratyn orun eýeleýär. Talyplyk ýyllarymyz hem iň bir ýatda galyjy pursatlary bilen ömrümize öwüşgin çaýar. Geljekde ukyp-başarnygymy, bilim derejämi artdyryp, bar ünsümi saýlap alan hünärimi kämilleşdirmäge gönükdirmek isleýärin. Watanyň geljekki ykbalyny bize – ýaşlara ynanýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz okamaga, öwrenmäge ähli şertleri döredip berdi. Diýmek, bize diňe ýeňişli menziller garaşýar.

          Nusga edip Arkadagyň pähimini,
          Güllederis ýurduň oba-şäherini,
          Bagt mukama öwrüp, Watan waspyny
          Biz – bagtyýar döwrüň bagtly talyby.

   Biz – ýaşlara asuda döwletde bolelin durmuşda ýaşap okamaga, döretmäge berýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, ýurt baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş talyp ýüregimizden köp sag bolsun aýdýarys. Bagtly döwrüň bagtyýar talyby hökmünde biz hem özümize ynanylan bu ynamy ödemek üçin Watana we bilim ojagymyza wepaly talyp ýaşlar bolup, hemişe watansöýüjiligimiz bilen il-ulsumyzy, bize uly ynam bildiren halypalarymyzy, hormatly mugallymlarymyzy begendirmäge çalşarys.

Göwher ORAZDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm