YNSANLARA BAGT EÇILÝÄN DÖWÜRDE

1741
Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Medeniýet – milli baýlyklaryň altyn täjidir» diýip, juda jaýdar belleýär. Häzirki bagtyýar döwrümizde Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde altyn täje deňelýän medeniýetimize, sungatymyza uly üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda işleýän adamlaryň göreldeli, yhlasly zähmetine mynasyp baha berilýär.
Ynsanlara bagt paýlanýan ajaýyp döwrümizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şanly Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň birnäçe mugallymlarynyňdyr talyp ýaşlarynyň Şa serpaýlaryna mynasyp bolmaklary baýramçylyk şatlygymyzy, buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Institutyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň uly mugallymy Gülbahar Çaryýewna Kulowa hem-de aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy Gurbanjeren Orazowna Meredowa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy Geldi Söýünmyradowiç Myratnazarow bolsa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi bolmaga mynasyp boldy.  
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşikde iň gowy tans, halk döredijiligi we aýdym- saz toparlarynyň çykyşlary üçin çeper ýolbaşçysy medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň uly mugallymy Merdan Myratgulyýewiç Abaýew bolan «Miras» folklor-tans topary, medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede gurandygy üçin režissura kafedrasynyň uly mugallymy Jumamyrat Muhammetmyradowiç Çaryýew, şeýle hem iň gowy teleradiogepleşikler toplumy üçin institutyň magistranty Döwletmyrat Akmyradowiç Hojaberdiýew dagy ýeňiji boldy.
Pederlerimiziň «Zähmet soňy rehnet» diýşi ýaly, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da ösdürmek, türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin çekýän yhlasly, döredijilikli zähmetlerine berilýän uly baha – Şa serpaýyna mynasyp bolan mugallymlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary egsilmezdir.

Sähra BATYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm