GARAŞSYZLYGYŇ DÖREDIJILIK ÝALKYMY – YNSAN ZEHININIŇ ŞÖHLELENMESI
419Kämil sungat eserini döretmek, dynuwsyz zähmeti, sabyrlylygy we yhlasy talap edýär. Sungat ynsanlarynyň döredýän eserleri bolsa özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik üstünlikler we amala aşyrylýan özgertmeler milli sungatymyzda we döredijiligimizde özüniň belent beýanyny tapýar. Mukaddes Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň iň belent milli buýsanjy, bagtyýar durmuşynyň we şan-şöhratly geljeginiň berk binasydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan ähli ulgamlarda ynamly ösüşleri gazanyp, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Halkymyz parahat we agzybir durmuşda ýaşap, öz halal zähmeti bilen Watanymyzyň galkynyşyna uly goşant goşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň sentýabr aýynyň 21-ine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan geçirilen «Garaşsyzlyk – baky bagtyň gözbaşy» atly bäsleşik sergisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Gözelligiň, döredijiligiň we zähmetsöýerligiň nusgasy bolan bu sergi oňa gatnaşyjylarda we tomaşaçylarda watansöýüjilik duýgularyny oýaryp, Garaşsyzlygyň beren bagtyýarlygyny sungatyň dili bilen kalplara ýetirýär.
Bu sergä ýurdumyzda sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan sungat ussatlary özleriniň ajaýyp sungat eserleri bilen gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymlary Baýrammyrat Annagulyýew, Gülbahar Annagulyýewa, we medeniýeti öwreniş taýýarlygyň ugrunyň magistranty Aýsoltan Annaberdiýewa dagylar hem öz döreden sungat eserleri bilen gatnaşdylar we institutymyzyň uly mugallymy Baýrammyrat Annagulyýew bu döredijilik bäsleşigiň 3-nji ornuna mynasyp boldy. Bu döredijilik bäsleşigi örän guramaçylykly we täsirli geçip, oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň sungaty söýüjiler özlerine döredip berilýän mümkinçilikleri üçin, türkmen sungatynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Aýsoltan ANNABERDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Medeniýeti öwreniş taýýarlygyň ugrunyň
magistranty.




