ÝÜREK BUÝSANJY
413«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly, at – myradyň mekany» ýylynda meniň ykbalymda iň ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi hem-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň çäklerinde «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, altyn zynjyr bilen sylaglandym. Begenjimiň we buýsanjymyň çägi ýok. Mundan beýläk hem, ajaýyp döwrümizi, eziz Watanymyzy wasp edýän aýdymlarymyzy ýerine ýetireris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýlar ŞÖHRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.




