HALYPALARA MYNASYP ŞÄGIRTLER

704
   Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, edaradyr kärhanalarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly baýramçylygyna bagyşlanan çäreler dowam edýär. Şeýle çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylym we döredijilik äleminde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem özüniň täsirini ýetirýär. 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçirilmeli çäreleriniň meýilnamasynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, ýurdumyzyň 10 – 11 synp mekdep okuwçylarynyň döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Arkadag şäherinden, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty, Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünden öz döredijilik ukyplary bilen saýlanan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň ilkinji şerti şahyryň goşgularynyň çeper okaýyşy bolup, ýaşlaryň goşgynyň manysyna düşünmek ukybyny ýüze çykaryşy, artistlik başarnygy we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Bäsleşigiň ikinji we üçünji şerti boýunça mekdep okuwçylarynyň öz düzen goşgulary hem-de olaryň şahyryň terjimehalyna we döredijiligine degişli sowallara jogaplary esasynda emin agzalary netije çykardylar. Ökdeden ökde saýlandy. Ýaşlaryň başarnyklary ussat halypalara mynasyp zehinli ýaşlaryň ýetişip gelýändigine bolan ynamy berkitdi. 
   Bäsleşigiň eminler toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Oraznepes Mämmetjumaýew, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ylmy, usulýet žurnaly “Bilim” žurnalynyň baş redaktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülşirin Muhanowa, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Aýjemal Omarowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, publisist Bägül Annabaýewa wekilçilik etdiler. Bäsleşik örän täsirli geçdi. 

Bägül Annabaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Maglumat ulgamlary kafedrasynyň mugallymy 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm