GOŇŞUDAN SALAMAT

841
    Dana türkmeniň akyl hazynasynda “Ýer alma, goňşy al”, “Kyýamat güni goňşudan...”, “Goňşym hem saýam” diýen ýaly goňşy gadyryny beýgeldýän nakyllar, aýtgylar bar. Bu halk durmuşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryna berilýän gymmatyň alamatydyr. Ýakynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem doganlyk halklaryň mizemez dostlugynyň aýdyň subutnamasy boldy. Iki goňşy halkyň edebiýatyna, aýratyn-da Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk senesine bagyşlanan döredijilik duşuşygyndan başlanan pursatlar Buharada türkmen halysynyň muzeýiniň we haly dokalýan kärhananyň dabaraly açylyşy bilen utgaşdy. Medeniýet günleri mynasybetli geçirilen konsertler iki halkyň döredijiligindäki milli äheňleri, sungat eserleriniň iň naýbaşylaryny ýaýbaňlandyrdy. Şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi özbek doganlarymyzda aýratyn gyzyklanma döretdi.
    Medeniýet günlerine gatnaşyjy türkmen toparynyň wekiliýeti bolsa, bu mekanyň gadymy taryhy ýadygärlikleri uly täsir galdyrdy. Magtymguly atamyzyň ömür ýoly bilen baglanyşykly Buharadaky Gögeldaş medresesi, Bahaweddin Nagyşbendiniň zyýarathanasy we beýleki taryhy-binagärlik ýadygärlikleri taryhy bitewüligi bolan iki doganlyk halkyň ruhy-medeni birligini aýdyň ýüze çykarýar. Ýeri gelende, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Özbegistan Respublikasynda türkmen medeniýetine, taryhyna, edebiýatyna, ylmyna bagyşlanan we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe bilelikdäki halkara çäreleriň geçirilendigini bellemeli. Şolaryň biri hem Özbegistanyň Horezm welaýatynda şu ýylyň martynda geçirilen “Magtymguly Pyragy – türkmen-özbek dostlugynyň köprüsi” atly ylmy maslahatdyr. Bu maslahatyň çäginde Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşyny özbek edebiýatçylary guwanç bilen ýatlaýarlar. Örän täsirli, ýatda galyjy pursatlar, hut Özbegistanyň edebiýatçy alymlarynyň, şahyrlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan iňňän uly gyzyklanmalarydyr. Özbek dilinde ýerine ýetirilýän türkmen halk äheňleriniň, aýdymlarynyň içinde iň söýlüp aýdylýanlarynyň hem diňlenilýänleriniň Pyragynyň şygyrlarynyň bolmagy biziň her birimiz üçin guwandyryjy ýagdaýdyr. 
    Şeýle-de medeniýet günlerine gatnaşýan döredijilik toparlarynyň içinde medeniýet we sungat ugrundan bilim alýan talyp ýaşlaryň bolmagy aýratyn bellenilmedir. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Miras” folklor-tans toparynyň düzümi, aýdymçy, sazanda talyp ýaşlar, şular bilen birlikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halypa mugallymlary degişli hünär ugurlary boýunça ussatlyklaryny görkezdiler.
    Iki halkyň dostlukly hyzmatdaşlygy ruhy gymmatlyklara bolan umumy garaýyşlarda hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň “Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar” , “Çaý – melhem hem ylham”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Janly rowaýat”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ýaly kitaplarynyň özbek dilene terjime edilmegi, özbegistanly lukman alymlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik neşiriniň ýörgünli bolmagy buýsançly hakykatdyr.
    Halkymyz özbek halkynyň edebiýatyny, sungatyny we medeni durmuşyny ruhy ýakynlygyň nyşany hasaplaýar. Türkmen diline terjime edilen özbek ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, olardan täsirlenmeler ruhy-medeni aragatnaşygyň ykjamlygyndan habar berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we bilelikdäki köpugurly hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şu ösüşleriň esasynda biziň milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga, dünýäniň gazananlaryny giňden öwrenmäge döredip berýän ägirt uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize egsilmez hoşallygymyzy aýdýarys. Goý, asmanymyz asuda bolsun! Parahatçylyk aýdymlary belentden belent ýaňlansyn!

Sähragül Janmämmedowa,
Türkmen döwlet medeniýet 
institutynyň uly mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm