“PÄHIM -PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY” ADY BILEN GÖÇME KITAPHANA SERGISI

615
      Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaara abonement bölümi bilen bilelikde “Pähim -paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen  akyldaryň edebi  mirasyna sarpa goýup, göçme kitaphana sergisini gurnady hem-de kitaphana syny taýýarlady.
      Mälim bolşy ýaly şu ýylyň 17-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Döwlet Baştutanymyz türkmeniň  beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilde “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykandygyny we  onda  akyldar şahyryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Täze kitap mähriban  halkymyza  ajaýyp sowgat boldy.
     Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Döwlet kitaphananyň kitaphanaçylary institutyň kitaphanasynda mugallymlaryň we talyp ýaşlarynyň arasynda “Magtymguly” atly kitap boýunça kitaphana synyny  geçirdiler. Beýik Akyldaryň umman ýaly giň manyly döredijiligi durmuşyň okuw kitaby bolyp, islendik  meselesini çözmekde biz kitaphanaçylar üçin ýol ýörelgedir. Biz kitaphana synyna gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Gülbahar DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
kitaphanasynyň müdiri. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm