SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINE BAGYŞLANDY
202Bilşimiz ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu
çäräniň geçirilmegi, elbetde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň
berkidilmeginde, aýratynam, biz ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýedir. Ine, hut şol gün institutymyzyň
sport meýdançasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, şeýle-de Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň halypa mugallymlarynyň hem-de bagtyýar talyplarynyň
gatnaşmaklarynda köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Bu çäräniň
geçirilmeginiň özi, biz ýaşlarda köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta bolan
höwesimizi has-da berkitmekden ybaratdyr. Sebäbi sport dünýä ýüzünde ählumumy
parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar sportuň ynsan durmuşyndaky orny hakynda özara
pikir alyşdylar.
Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby.