Türkmen sazynyň bitewülik bagy

1305
(Berdi gyjakçy bilen halypa-şägirt ýörelgeleri hakynda söhbet)  

Ýa kär ussadyny tapýar, ýa ussat kärini tapýar. Garaz olar biri-birine kybap gelende şyp ýapyşýar-da, jübütleşäýýärler. Aslynda, türkmençilikde adamlar ökde käri bilen tanalýar. Obalarda “Pylan ussa”, “Pylan ädikçi”, “Pylan bagşy” diýilýänlere kän duşulýar. Şol at alan ussany ýa bagşyny idäp obasyna baraýsaň, oba mahsus sadalyk bilen obadaşlary onuň işigine çenli ugradarlar. Hawa, bu obada şeýle bolýar.
Belki, pederleriň ruhy, belki-de, kesbiň nesilden-nesle geçiş täsirleri onuň şu ada mynasyp bolmagyna sebäp bolandyr. Beýleki tarapdan, adamyň irniksiz yhlasyny, üznüksiz zähmetini hem unutmak bolmaz. Zehin we zähmet sazlaşyp, ynsany ömür ýolunda belli bir menzillere – abraýly sepgide, hormatly ada ýetirýär. Olaryň içinde iň gymmatlysy iliň-günüň söýgüsidir.
Gadymy çeşmelerde türki halklaryň mekany hökmünde häsiýetlendirilýän Etrek sebitlerinde ady belli gyjakçy ýaşaýar. Bu etrapda Berdi gyjakçy diýseň ony tanamaýan ýokdur. Sadadan agras, inçesagat bu adamyň durkuna türkmen sazynyň nury siňene meňzeýär. Onuň azdan uz jümleleri maňzyňa batýar. Ýöne açyk ýaýlalara meňzäp ýatan ýatlamalaryň goýnuna aralaşmankak, oba täsirleriniň hem duşunda biraz saklanalyň!
Berdi aganyň obasy paýtagtdan bäş ýüz kilometr günorta-günbatar uzaklykda ýerleşýär. Magtymguly Pyraga “Dehistanyň baýrynda, bady-sabany görsem” diýdiren ak sähralygyň jümmüşinde dörän Etrek şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda möhüm söwda geçelgeleriniň birine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde Etregiň, Akýaýlanyň üstünden ilkinji gezek demir ýollar çekildi. Täze ýaşaýyş jaýlary, ak mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berildi. Ömrüni bu obanyň ykbalyndan hiç üzňe tutmadyk Berdi aga gadymy Etregiň Täze obasynyň döreýşinden başlap, ähli özgerişlerine ilik-düwme belet. Häzirki wagt şäher derejesi berlen Täze obanyň ýaşaýjylary köneden gelýän ajaýyp dessurlaryny, urp-adatlaryny mertebe hem sadyklyk bilen dowam edýärler. Toý üçin duz dadyşma hem geňeş edilip, ýüzük bukdy oýnadyp, at çapyşygyny guramak, göreş tutmak, ak kejebeli gelin toýuny tutmak, toý soňuny ujaş dessury bilen jemlemek bu sebitiň iň bir özboluşly däpleri bolup durýar. Şeýle toýlaryň bezegi aksakgal gojalardyr. Şol ýaşulularyň arasynda Berdi aganyň ady hem hormat bilen tutulýar.    
Her syrgyn biri-birine bakyp duran ak öýleriň hataryndan düzülipdir. Aglaba öýleriň işigi gaýra ýa ilerä bakyp durandyr. Ilerden hem gaýradan gelýän ötegçileri uly myhmansöýerlik bilen garşylaýan adamlaryň ojagynyň işigi hem uzak ýollardan umyda, hoş habara garaşýan şekilli. Obanyň adamlarynyň aýtmagyna görä, bu jelegaýlarda işik aňsat ýokary (gündogar) tarapa bakdyrylýan däldir. Obalylar bu tarapy “yga” diýip atlandyrýarlar. Şol yga ýere bolsa, ak sähralaryň çägeleri üýşegen bolýar. Işeňňir adamlaryň öýüni bu ýerde ygasyndan tanaýarlar. Ynha, näçe ýel öwüssin, Berdi agalaryň öýüniň yga ýerinde çäge üýşmegini ýa peşmek ýatanyny görmersiň.
Berdi Berdiýew il içinde “çopan ýoluny” ýöreden ussat hökmünde tanalan Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowyň şol adybelli, ýeketäk gyjakçysydyr. Berdi aganyň ähli ýatlamalary Nurberdi Gul atly halypanyň duşundan ýöne geçmeýär. Halypa bolan çensiz hormat şirin ýatlamalaryň süňňünden sütün bolup geçýär.
Berdi aga 1951-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Etrek etrabynyň Baýathajy obasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Polat aganyň babasy öz döwründe şol etraplarda tanalan Gynjal bagşy bolupdyr. Gynjal bagşy hem dutar, hem gyjak ýasar eken. Şol bir wagtda ökde sazanda bolansoň il içinde bagşy ady bilen tanalypdyr. Halypanyň özi çagalakdan aýdyma hem saza imrinmeginiň sebäbini aýatda görmedik garry babasynyň ruhy täsirleri bilen baglanyşdyrýar. Gürrüňdeş bolmankak, ejem tarapyň syrgynyna degişli bolandygy üçin, oňa daýy diýip ýüzlenmelidigimi aýtdylar. Bu ýerleriň geň-täsin däpleri hem adamlary bar. 10 ýyl mekdebi şu etrapda okan hem bolsam, her haçan bu ýere gelsem özüm üçin bir täzeligi açýaryn. Bir gezek awtobusda özüme bir ýaşulynyň “maňlaýy pylanylaryňkydandyr” diýip, kimlerden, nireden bolýandygymyzy takyk kesgitleýşi aňk edipdi. Her obanyň ýaş ýelginini, ulusyny-kiçisisini häsiýetine, syratyna görä tanap oturan ýaşuludan, bu bilimiň syryny soramaga şol wagt çekinjeňligim ejap etdiripdi.
Berdi aga bilen gürrüňdeşligi çagalary baradaky gyzyklanmalardan başladyk:
- Çagalardan gyjak sungatyny dowam edýän-ä ýok. Ýöne şägirtlerim bar. Bir ogul, üç gyzym bar. Oglum dutar çalyp, aýdym aýdýar. Obada oňa Polat aga ýa-da  Berdiýew Polat diýýärler. Oglum kakamyň at dakylany. Ol  Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  etrap bölüminde işleýär. Aýdym-saz ugrundan okamady. Häzir hormatly dynç alyşda bolsam-da, birdir-ikidir höwesjeň ýaşlara gyjak çalmagyň tärlerini öwredýän.
 Ol 1968-nji ýylda M. Hamzaýew adyndaky 1-nji orta mekdebini tamamlap, 1969-njy ýylda häzirki D. Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk okuw mekdebine okuwa girýär. Ussat gyjakçy mugallym Begmyrat Gutlymyradowdan, ussat dutarçy Allaberdi Allaberdiýewden, zehinli kompozitorlar Rejep Rejepowdan, Orazgylyç Gurbannyýazowdan saz calmagyň inçe syrlaryny we nota sowadyny öwrenýär. Şol ýylda türkmen radiosynda kompozitor Orazgylyç Gurbannyýazowyň “Etrek” diýen aýdymynyň sazyny we “Güli Bibiniň”, “Aýa döndi” diýen halk aýdymlaryň sazyny ýazga geçirýär. Ýeri gelende, biziň günlerimizde halypanyň şahyr Begnazar Ataýewiň sözüne “Arkadagym ýaşasyn” diýen aýdymy döredendigini hem bellemek gerek. Ýöne oňa bu mekdebi doly tamamlamak miýesser etmeýär. Okuw döwründe Watan gullugyna gidýär, soňra bolsa oba öýe dolanyp barýar. Jigileriniň aýtmagyna görä, “çagalardan ulusy bolansoň kakasyna kömek etmek üçin öýe dolanyp gelýär, obada öýüň mal-gara, hojalyk işlerine seretmek üçin bir adam gerek.”  
Berdi aga gürrüňi Nurberdi agaly günlere gönükdirdi.
- Biziň etraplarymyzdan Nurberdi aga radioda halk aýdymlaryny ilki ýazgy eden halypalardandyr. Şonda: “Bu haýsy ýol, kimiň ýoly?” diýip, Mylly aga ondan  sorapdyr. Ussatlar o döwürler bu sungata gaty inçe serederdiler. Gaýta-gaýta sorardylar. Şonda ol: “Aý, halypa, biziň ýolumyz bir çopan ýoludyr” diýip jogap beripdir. Ol şu ýola sadalyk, kiçigöwünlik bilen “çopan ýoly” diýse-de, ahyrynda “bu Nurberdi Gulowyň ýoly bolar” diýip Sahy Jepbar öňünden aýdypdyr. Sahy Jepbar bolsa ägirt halypa. Olaryň aýdyşy ýaly, bu ýol biziň döwrümizde “Nurberdi Gulowyň ýoly” diýip at aldy.  
- Berdi daýy, bu ýol nireden gözbaş alýar?
- Türkmen halk aýdym-sazynyň bu ugruna Etrek-Gürgen ýoly diýip aýdyp bolýar. Soňky üç-dört ýüzýyllykda aşakda Esengulydan başlap, Balkanyň köp obadyr etraplarynda, hut şu ýoluň yzlaryny görmek bolýar. Has aňyrda Mämmetweli Hoja diýýär, onsoň, Çowdur kör diýýär... şu ýoluň irki ussatlarynyň hatarynda at tutulýan bagşylarymyz – bular. ...Ho-op! 
Berdi aga biraz pikirlenip oturdy. Ol şol köne halypalaryň keşbini birin-birin gözüniň öňünden geçirýän ýalydy. “Ýakyn geçmişde ýaşan halypalaryň biri Urug Hoja bolmaly. Ondan soňra Wary Aýjan, Nurberdi agaň özi gelýär.”
- Kimi diňlemegi halaýarsyňyz? 
- Türkmen sazynyň özboluşly şirinligi bar. Halk sazlaryny diňleýän. Baýramdurdy Garaýewi diňleýän. Biziň bir üýtgeşik, özüne çekiji täsirli sazymyz bar. Nurberdi dädäň ýoluny indi ýaşlarymyz dowam edýär. 
- Etrek-Gürgen sebitlerinde gyjaksyz aýdym aýdylanmydyr?
- Biziň ýolumyzda gyjaksyz aýdym aýdylýan däldir. Oglankak Annesen aga diýip gyjakçy bolup geçipdir diýerdiler. Men-ä ony göremok. Mämmetguly Gaýlyýew diýip bir bagşy bardy, ol ýaňyrak dünýeden ötdi.
- Halypaňyzyň ýanyna ilkinji barşyňyz ýadyňyzdamy?
- Meni onuň ýanyna dädem 3-nji synpda dutar gurnagyna äkitdi. Magtym diýip daýym bardy. Mugallymçylyk ederdi hem gurnagyň işini alyp barardy. 10 ýaşymdan 12 ýaşa çenli dutar çalyp, aýdym aýtmagy öwrendim. Şeýdip dutaram çaldym, aýdymam aýtdym. Onsoň dädem pahyr aýtdy, “Şu sebitlerde gyjakçy az. Halypaň ýanyna-da gyjakçy gerek.  Gyjak çalmagy öwren, kakam!” diýip. At dakylan bolamsoň, dädem maňa “kakam” diýerdi. Etrekde şo mahal, hakykatdan-da, gyjagy öwretmäge mugallym hem ýokdy. Ata pendini kabul etdim. Dädem Aşgabatdan o döwürler “uniwermag” diýilýän uly dükandan maňa gyjak getirip beripdi. Halypa-da meni begenip ýanyna aldy. Indi gyjak çalmagy nädip öwrenenimi aýdyp bereýin. Menem gyjagy çalyp bilemok, halypa-da. Ýöne höwesim güýçli. Ol bir ýerden meň gyjagymyň gulagyny süýşürýär, menem öz ýanymdan gyjagyň kemençesini iki tarapa aýlaýan. Ol hem: “indi boldy öýdýän” diýýär. Halypa gyjaga gezek gelende-de ganymatdy. Ikimiz ýörjen-ýörjen bolup işläp başladyk. Ol dutarda gaçýar, menem kemençämi syhap kowýan. Onsoň gurnakdan gelemde “zyk-zyk” edip, öýde-de gyjak çalýan. Okuwdan gelip, içki öýe girýän, “zyk-zyk” edip başlaýandyryn-da, ejem pahyr: “Berdi, haçan ahyňy gutarjak” diýerdi. Sebäbi gyjagyň uzyn zygyldaýan sesi entek saz däldi. Şeýdip iki ýylda gyjagy özleşdirdim. Nurberdi dädäň özüniň ýaşyrak wagtym bir gürrüňdeşlikde “Berdi erjel hem ýeserje oglan. Gyjagy özi öwrenendir” diýen sözi bar. On dördüm dolup, on bäşimiň içinde halypaň ýanynda doly gyjak çalyp başladym. 
- Haýsy bagşylar bilen işlemek miýesser etdi? 
- Halypaň ýanynda köp çalandyryn. Nurberdi däde 34 ýaş menden uludy. Gyjak çalyp başlamdan soňra, ýanyna çagyryp: “Berdi aga oglanlaň içinde gylyk-häsiýetiňi haladym. Ýanyma gyjakçy edip aljak” diýdi. Halypanyň bu sözi onuň kesgitli karara gelendiginiň alamaty bolup durýardy. Ol müň pikirlenip, bir kesýän adamlardandy. Bu diýildigi, hemişelik sungat hyzmatdaşlygynyň teklip edildigidi. Ýöne diýdi: “Ussatlanyp, ökdeläňden soňra käri goýjak bolsaň, onda şu wagt aýtgynyň!” O mahal Nurberdi aga ýaly ussadyň ýanyna goşulyp bilmek örän uly derejedi. Şeýdip 1965-nji ýyldan tä 1992-nji ýyla çenli başga bagşylaryň ýanynda gyjak çalmadym. Halypa-şägirt bolup ençeme toý-baýramlarda çykyş etdik. Nurberdi agadan başga-da Aşyr Gurbanow, Wary Aýjanow, Akmämmet Nurmämmedow, Aşyr Annadurdyýew, Nurýagdy Zypdalyýew, Maksat Gurbanow, Nyýazmämmet Orazow, Güýçberdi Bendow, Ýegendurdy Nejepow, Mämmetguly Gaýlyýew, Gulmergen Gulow, Arazberdi Gulow, Amangeldi Tagangeldiýew, Amanberdi Durdyjanow, Gapur Amangeldiýew, Aşyrberdi Tagangeldiýew, Meret Aýjanow, Meret Abdyreýimow ýaly bagşylaryň ýanyndan gyjak çalmak miýesser etdi.
- Berdi daýy, siziň esasy käriňiz hasapçy bolan, sungat bilen sany, hasaby nädip utgaşdyrdyňyz?
Berdi aga myssa ýylgyrdy. Kän oýlanyp oturman sözüni dowam etdi:
- Hawa. Türkmen sazynda gaty anyk hasap bardyr, özi. Saz bilen sanyň umumy ýeri kän. Türkmen sazynyň ölçegliligi dünýäň saz öwrenijilerinem haýran edendir. Aslynda, dädem baş hasapçy bolan. Ýaş wagtyň höwesiň kän bolýar. Hasapçylygy öwrenmek kararyna gelemde, ejem pahyr: “Wah, oglum, o kelle agyrysy nämä gerekdi?!” diýipdi. Eje-dä, görgüli dözümsizdi. Hasapçylygyň tejribe usullaryny öýde dädem öwrederdi. Onsoň 1974-nji ýylda Russiýanyň Saratow şäherindäki nebit-gaz ugry býunça ýörite orta hünär okuw mekdebiniň agşamky hasapçylyk bölümini okap tamamladym. 1972-nji ýyldan 1992-nji ýyl aralygynda etrabyň Nebit kärhanasynda baş hasapçy wezipesinde işledim. Esasy işimiň daşyndan Nurberdi aga bilen aýdym-saz gurnagynyň işine gatnaşdym, baýramçylyk dabaralarynda çykyş etdik. 1977-nji Nurberdi Gulow bilen Türkmenistanyň günbatar dialektiki folklory bilen Bütinsoýuz aýdym-saz öwrenijiler jemgyýetiniň guramagynda Moskwa şäherine iş saparyna gidip ses ýazgylaryny geçirdik hem konsert bilen çykyş etdik. 1978-nji ýylda halypa bilen häzirki Türkmenbaşy-Daşoguz ugry boýunça döwlet derejesinde guralan aýdym-sazly, wagyz-ündew otlusynda aýlanyp, 10 günüň dowamynda aýdym-sazly çykyşlary ildeşlerimize ýetirdik.  Garaşsyzlygymyzyň ilkinji baýramçylygynda çykyş etmek, şol ýyllarda Ahal, Balkan, Mary welaýatlarynda geçirilen ýaşulular maslahatyna gatnaşmak hormatynyň miýesser edendigine örän begenýän.
- Berdi daýy, biz siziň sazandarlyk etmegiňizde Nurberdi Gulowyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň birnäçesini teleýaýlymlaryň arhiwinde gördük, ýene ençemesini bolsa radioda diňleýäris. Häzirki günlerde döredijiligiňiz ýatlamalar bilen-ä çäklenýän däldir-le?!
- Halypam bilen Aşgabada gidip, teleradioýaýlymlarda birnäçe aýdymy ýazgy etdik. “Aýa döndi”, “Baş eder men”, “Il Soltan”, “Ýigidiň”, “Gözele”, “Ýar onda aglar, men munda”, “Zor bolar”, “Pes bolmasyn”, “Ýarym Meňli”, “Höwäs men”, “Bäri gel, bäri”, “Ýandyrydyň, Bibi”, “Kempir bilen çaý içemde”, “Söz biläni”, “Ýigide”, “Sen bolmasaň ýanymda”, “Ýoldaş bolan”, “At bilen ýarag ýagşydyr”, “Keýikhan”, “Sallan, dilber, bäri gel”, “Dünýädir”, “Diýgeý, sen”, “Kem biler” diýen aýdymlar ýazgy edilende gyjak sazynda halypama sazandarlyk etdim. Häzirki wagtda medeniýet institutynda okaýan Aşyrberdi Tagangeldiýewe  gyjak çalmagy, Nurberdi dädäň ýolundan aýdym aýtmagy, dutar çalmagyň inçe tärlerini bildigimden öwretdim. Onuň bilen sekiz töweregi aýdymyň üstünde işledik.          
- Her niçigem bolsa, halypaly geçilen ýollar we ýeňişli täze ýyllar sizi ruhlandyrýan bolmaly. Muny sizi her gün şol bir wagtda tigirli görýän adamlar aýdýarlar.
- Berdi diýen adam kümüş ussasy bolan, o meniň atam bolýar. Dädeme Polat hasapçy diýýärler, atama-da Berdi ussa diýer ekenler. Maňa-da atamyň ady dakylan. Berdi ökde kümüşçi ussa bolup, şaý-sepleri bejerýän eken. Çagakak onuň işlerini uly daýzalar dakynardy. Atam uzak ýaşapdyr. Aňrymyz Akýaýlaly, biziň. Aýtmaklaryna görä, atam, dädem zähmetsöýer adamlar bolupdyr. Nurberdi aga bolsa, 1992-nji ýylyň 30-njy aprelinden 1-nji maýyna geçilýän gije 75 ýaşynda aramyzdan gitdi. Şonda şägirtlerinden Amangeldi Tagangeldiýew ikimiz ýanyndadyk. Halypamyň yhlasy bilen il-gün Berdi gyjakçy diýip tanaýar, meni. Ussadyň radionyň altyn gaznasyndaky ýadygärlik ýazgylary yzygiderli goýberilýär. Her gezek ses ýazgylaryny diňläp, şol ýyllara täzeden dolanan ýaly bolýan. Hawa, Gahryman Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, köp ýyldan bäri tigir sürmegi dowam edýärin. Her günde yzygiderli 45 minudyň dowamynda tigirli gezelenç edýärin. Tigir sürmek adam saglygyna oňyn täsir edýär. Şonuň üçin özümi ruhubelent duýýan, şükür! 
- Daýy, adam durmuşda ýa-da sungatda üstünlik gazanmak üçin nämä daýanmaly? 
- Adam tebigy zehinine daýanmaly. Ýadaman zähmet çekmeli. Has-da ýaşlyk ýyllarynda çekilen zähmet öz miwesini berýär. Berkarar Watanymyzda Arkadag Prezidentimiz ýaşlaryň zehinini açmagy üçin iňňän uly şertleri döredip berýär. Sungata biçak uly sarpa goýýar. Halypalary galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyza sagdyn durmuşda ýaşap, owadan eserleri döretmek üçin açýan giň mümkinçilikleri üçin köp-köp sagbolsun aýdýaryn. 
Bu sözler ýetmiş ýaşy arka atan Berdi gyjakçynyň tüýs ýüreginden çykýardy. Ussadyň uzaklara dikýän nazarynda ýaş çaganyň sadalagy, kimirsizligi görünýärdi. Zehinini päk zähmete, ula-kiçä hormata bagyşlan bu ynsanperwer adam döwrümiziň ýaşlaryna milli sungatymyzy öwrenmekde ýagşy görelde görkezýär. Şükrana hem türkana agalarymyzyň, daýylarymyzyň, ýakyn-u-ýat ussatlarymyzyň ýöredýän milli däpleri, döredýän eserleri, ussatlyk ýörelgeleri ýyllardan ýyllara dowamat tapsyn. Dutar bilen gyjagyň owazy sazlaşyp, ajap eýýamyň waspyny asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere ýetirsin!   

Sähragül Janmämmedowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm