Bagtly pursatlaryň şaýady

680
Ömür diýleni belli belli pursatlardan püre pürlenen. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde Alym Arkadagymyzyň umymy sapagyna gatnaşmak bagty hem göwün guşumyzy ganatlandyran şeýle pursatlaryň biri. Alym Arkadagymyzyň umumy sapagyna gatnaşmak begençden depämizi göge ýetirdi. Alym Arkadagymyz umumy sapagynyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlary hakynda gymmatly maglumatlar bermeginiň özi biz ýaşlara bildirýän uly ynam diýip düşünýärin. Alym Arkadagymyz özüniň umumy sapagynda terbiýäniň 12-görnüşi hakynda beýan etdi. Bu täsirli, gymmatly sapak ýaş mugallymlar üçin görelde mekdebi boldy. Şahyrdan soralýar bagt näme diýip? Şahyr: “Bagt näme?” diýip soralanda, “Bagt, bu gadyryň bilinmegi” diýip, jogap berýär.  Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ynsanyň gadyry belentden tutulýar, biz bagtyň goýnunda ýaşaýarys.
    Goý, Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülşat Pirjanowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

“Syýahatçylyk” fakultetiniň mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm