Bagtdan paýly köňüller

651
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ajaýyp wakalara, şanly senelere beslenýär. Ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşy aldyk. Eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler baky bagtyýarlyga beslenip, her bir adamda ýatdan çykmajak täsirli duýgulary galdyrdy. Baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ mugallymlarynyň, talyplarynyň hem birnäçesine miýesser etdi. Bagtdan paýly şeýle pursatlar diňe bir kalbymyzy  däl, eýsem, durmuşymyzy hem gözelleşdirdi. Ynsan durmuşyny bezeýän şeýle ýakymly pursatlarda begenjimiziñ, buýsanjymyzyň çägi  ýok. Altyn güýzde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn zynjyryna mynasyp bolmak bizi, döredijilik işgärlerini buýsandyrdy. 
  Watana, il-günüňe wepaly gulluk etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyz. Geljekde hem şu mukaddes borja wepaly bolup, ýaş nesillere bilim we terbiýe bermekde öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Döredijilik äleminde ýurdumyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, milli medeniýetimizi, sungatmyzy wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda öz mynasyp goşandymyzy goşarys. 
   Günsaýyn özgerýän gözel ýurdumyzda baky bagtyýarlygy peşgeş beren,  milli medeniýetimizi , sungatymyzy dünýä ýaýmaga giñ mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

Güljemal Soltanowa 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
Teatr sungaty fakultetiniň mugallymy, 
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn
 asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi  

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm