TÜRKMEN ALABAÝY DÖREDIJILIK JOŞGUNY

532
   Asyrlar boýy mertlikde tanalýan türkmeniň, merdi-merdanalygynyň nusgalarynyň biri hem, türkmen alabaýydyr. Özüniň birnäçe müňýyllyk taryhyna garamazdan, ynsan gylykly alabaý tohumy özüniň görküni ýitirmän biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Wepadarlygyň göreldesi bolan türkmen alabaýy, owal ahyrdan bäri adamyň iň wepaly dosty hasaplanylýar. Şol mizemez dostlugyň dowamaty häzirki günlerimizde hem dowam edýär. Bu babatda ýurdumyzda türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgelerini dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen  alabaýynyñ tohumuny ösdürip ýetişdirmekde, onuň arassa ganlylygyny saklap, dünýä wagyz etmekde ägirt uly işleri alyp barýar. Muňa ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän “Türkmen alabaýlarynyň” baýramy hem şaýatlyk edýär. Diňe bir baýramçylyk bellemek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýlary ösdürip ýetişdirmekde, öz zähmetini itşynaslaryň arasynda, şeýle hem türkmen alabaýyny wasp etmekde döredijilik bilen meşgullanýan raýatlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler hem türkmen alabaýyna goýulýan hormatyň subutnamasy bolup durýar.
   Ine, ýaňy ýakynda hem Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen alabaýy – merdanalygyň nusgasy” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.  Men hem şol bäsleşige türkmen  alabaýlarymyzy wasp edýän goşgudyr hekaýam bilen gatnaşyp, ýeňiji bolmak bagtyna eýe boldum. Bu meniñ üçin ýatdan çykmajak buýsançly wakalaryñ biri boldy.  Biz ýaşlara şeýle ajaýyp zamanada, okap bilim almaga, döretmäge, döredijilik äleminde ösüşiñ belentliklerine tarap ynamly gadam urmaga, döredilýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Goý, Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ her bir tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Nursoltan Derýaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Teatr sungaty” fakultetiniň
“Dramaturgiýa” hünäriniň, 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm