BAGTDAN PAÝLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

862
   18-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli guramanyň Merkezi Geňeşiniň yglan etmeginde her ýylda ýokary derejede geçirilýän ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Elbetde, ählimize mälim bolşy ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaşlaryň başlangyçlaryna, ukyp-başarnyklaryna, döredijilik gözleglerine,  aýratyn ähmiýet berilýär. Bu şanly wakalara beslenen ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agzalyga goşulmagy hem biziň üçin uly buýsanç. Bu dabarada Türkmen döwlet medeniýet institudymyzyň  “Medeniýeti öwreniş” kafedrasynyň Mugallymy Guwançmyrat Amangeldiýewiň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Ýunus Allanazarow, Sähra Nurjanowa, Öwezow Ahmet, Hojaberdiýew Döwlet Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragyna mynasyp bolmagy, biziň ýokary okuw mekdebimiz üçin buýsanç bilen bellemäge mynasyp.
   Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz tagallasy bilen  ylymda, bilimde, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, medeniýetde, sungatda, döredijilikde aýratyn tapawutlanýan ýaşlarymyza döwletimiz tarapyndan özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, ony Watanymyzyň ösüşine gönükdirmegi babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, Watanymyza wepaly, türkmençilik ýol-ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer nesiller kemala gelýär.  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär.  Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýen parasatly jümleleri ýaşlara bildirilýän beýik ynamyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly adyň eýelerine baýraklary gowşurmak dabarasynyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý halk respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumynyň çäklerinde geçirilmegi, Türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri bilen foruma gatnaşyjylaryň tanyşmagyna mümkinçilik döretdi.
Göwher Allaberenowa
“Medeniýeti öwreniş”
kafedrasynyň müdiri

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm