HALYPALAR BILEN DUŞUŞYK

448
   Ýurdumyzyň durmuşynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şygarynyň uly ähmiýeti bar. 7-nji fewralda Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy hem şoňa şaýatlyk edýär. Bu dabaraly çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň batly gadamlary” diýlip atlandyryldy. Ýylyň başyndan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň jemgyýetçilik ähmiýetini açyp görkezýän wakalar  giň gerim aldy. Şonuň özi ulgamyň ösüşinde hem aýratyn bellenilmelidir. Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň beýikligine, döredijilik dünýäsiniň ruhy-medeni miras hökmündäki gymmatyna goýulýan sarpa her bir geçirilýän çäräniň esasy mazmunyny eýeleýär. Döredijilik adamlary üçin “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň aýratyn ýatdagalyjyly hem şonda jemlenýär. 
   Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa bu döredijilik duşuşygynyň arzuwly myhmany boldy. Döredijilik duşuşygyna ýurdumyzyň dürli ýokary we ýörite hünär okuwy mekdeplerinde döredijilik ugurly hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar. Ussat halypalar bilen döredijilik dünýäsiniň gapysyndan ýaňy gadam basan ýaşlaryň duşuşygy gyzykly sowal-jogap alyşmalar bilen has-da täsirli geçdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow çykyş edip, medeniýetiň we sungatyň ösüşlerinde uly yz galdyran ussatlaryň döredijiligi, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döreden gymmatly eserleri hakynda gürrüň berdi. Söhbetiniň ahyryny bolsa, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ylham alyp ýazan şygyrlaryny okap berdi.
   Ýaşlar bilen halypalaryň arasyndaky gatnaşygyň çäklerinde guralan bu duşuşyk ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen, eziz Diýarymyzyň üstünliklerini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Nuryýew Toýly
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Medeni miras
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm