BEÝIK AKYLDARY HORMATLAP
662 Golaýda institutymyzyň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — nusgalyk mekdep» atly edebi, aýdym-sazly, teatrlaşdyrylan dabara geçirildi. Bilşimiz ýaly, beýik Pyragynyň şirin şygyrlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, külli adamzadyň durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýlekin nusgawy şygyrlar bolsa biz ýaşlara nusgalyk mekdep, görüm-göreldedir. Ýerine ýetirilen çykyşlaryň aglabasy hem beýik söz ussadynyň ömri we döredijiligine bagyşlandy. Söz sözlänler beýik akyldaryň döredijiliginiň ynsanyýetiň ykbalyndaky ähmiýeti, şeýle-de onuň käbir jilweli setirleriniň düýp mazmuny hakynda gyzykly maglumatlary oňa gatnaşyjylara üleşdiler. Bu maglumatlaryň biz talyp ýaşlaryň geljekki ykbaly üçin görnetin nusga boljakdygy şübhesizdir.
Ylham AGAMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Dramaturgiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.