FOLKLOR FESTIWALY

63
   7-nji iýunda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň halk içinde nakyla öwrülen goşgulary esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde yglan eden folklor festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen döredijilik toparlarynyň, gurnaklarynyň, höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilen bu festiwal “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksadyna eýe bolup, oňa gatnaşyjy toparlar  degişli ugurlar boýunça, ýagny şahyryň goşgularyny, pikir-garaýyşlaryny özünde jemleýän şeýle hem halk rowaýatlaryny, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän dowamlylygy 10 minut bolan folklor sahna oýunlary bilen çykyş etdiler we şahyryň goşgularyna döredilen halk aýdymlary ýerine ýetirdiler. Millilige ýugrulan sahna oýunlary, halkyň aňynda galan aýdymlar tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Festiwalyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halypa mugallymy Türkmenistanyň Halk artisti Muhammetguly Kadymowyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrmagy hem myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. 
   Sahnanyň millilige mahsus bezeg işleri, döwrebap yşyklandyryş serişdeleri, saz we ses enjamlarynyň kämilligi, şekilli görnüşleriň sazlaşygy bilen üpjün edilmegi, festiwalda çykyş edýänleriň her biriniň özüni oňaýly duýmagy üçin döredilen şertler festiwalyň  ýokary guramaçylygyndan habar berýär. Festiwalyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan ýazgy edilip teleýaýlym arkaly halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirilmegi hem aýratyn bellärliklidir.
   Festiwalyň ahyrynda aýratyn tapawutlanyp, işjeň çykyş eden Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Miras” folklor topary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Melhem” tans topary, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Altyn asyr” medeni merkeziniň dutarçylar hem-de tans topary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň folklor hem-de dutarçylar topary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Gara altyn” çeper höwesjeňler topary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşylar topary, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Hazyna” tans topary, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň “Altyn miras” dutarçylar we tans topary, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň “Owaz” dutarçylar aýdym-saz topary, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Aýdyň ýollar” tans toparlaryna diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.  
   Festiwal joşgunly küştdepdi tansy bilen jemlenip, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri sena kibi ýaňlandy.
Süleýman HAÝDAROW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm