MUKADDES YNAMA BUÝSANJYMYŇ BEÝANY

4610

Baky bagtyýarlygymyzyň
gülläp gül açýan döwrüniň, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ilkinji
günleri birnäçe ynsanyň ömrüne hem öz ajaýyp şirinligi bilen ýaň saldy. Meniň
üçin şeýle buýsançly wakalaryň biri hem, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň
Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi we
kitaphanalar şahamçalarynyň okyjylarynyň arasynda «Ýylyň – göreldeli okyjysy»
ady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyp, I oruna mynasyp bolmagymdan gözbaş
alýar. Elbetde, biz döwrümiziň ynam bildirilen ýaşlary hökmünde, hemişe ýeňşiň
sazyny ynamly ýaňlandyryp başarmalydyrys. Çünki munuň üçin biziň baş halypamyz
Gahryman Arkadagymyz, biz ýaşlaryň baş göreldesi Arkadagly Gahryman Serdarymyz
we asuda, bagtyýar, parahat döwrümiz bar.



Sungat – munuň özi
alymlaryň dili bilen aýdanyňda, aňda ornaşdyrylyp, ýüreklerden syzylyp çykýan
döredijilik işi hökmünde tassyklanylýar. Her bir sungatyň özüniň aýratynlygy
bilen tapawutlanyşy ýaly, onuň döremeginde-de özboluşly aýratyn bir syr ýa-da
sebäp bardyr. Şeýle eserleriň biri hem, hut meniň öz döredijiligimde orun
alýar, meni bu eseri diňe bir ýazmak bilen çäklenmän eýsem onuň içinde ýaşamaga
mejbur eden şol uly borç hem maňa halypalarymyz we bilim ojagymyz tarapyndan
bildirilen ynamdy. Özüme bildirilen şeýle uly ynam meni diňe bir borja salman,
eýsem şol borjumdan baş alyp çykjak güýji hem gursagyma guýupdy. Owal özenini
Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabyndaky
rowaýata salgylanan «Ene süýdi» ady bilen dörän bu eserimiz, diňe meniň däl,
eýsem bize ynam bildiren halypa mugallymlarymyzyň, bilim ojagymyz bolan Türkmen
döwlet medeniýet institutymyzyň, Türkmenistanyň «Mollanepes» adyndaky talyplar
teatrynyň buýsanjyna öwrüldi. Bu buýsançlar bolsa, ýöne ýere däl...



         Gahryman
Arkadagymyzyň parasatly eserlerinden nusga alyp, ynsanperwerligi we ene
mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet
ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň we
Türkmenistanyň Zenanlar |Birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda
ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen “MÄHRE DOLY ENELERIŇ ÝÜREGI”
döredijilik festiwalynda «Iň gowy zenan dramaturg» diýen baýraga, «Spektaklda
ýaş artistleriň ýokary ussatlygy üçin» ýörite baýraga we birnäçe atly
baýraklara mynasyp bolmagymyz biziň buýsanýan göwünlerimiziň joşgunyna öwrülip,
indiki dörejek eserlerimiziň ganaty boldy.



 
       Ýaşlaryň ädimlerini
batlandyryp, höweslerini ganatlandyryp her bir çekýän zähmetimize taýsyz baha
berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bize bildirýän
ynamy we döredijilik ýolunda özgerişe tarap ymtylmak üçin döredip berýän uly
mümkinçilikleri üçin talyp ýüregimizden köp sag bolsun aýdýaryn.



 
       Goý, Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, sungatymyzyň
we ülkämiziň güllemegi ugrundaky ähli parasatly işleri rowaç alsyn!



Nursoltan DERÝAÝEWA,



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



teatr sungaty
fakultetiniň



dramaturgiýa taýýarlyk
ugrunyň



3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm