Fakultetara ýaryş geçirildi

Golaýda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň arasynda fakultetara ýaryş geçirildi. Ýaryş sportuň dürli görnüşi boýunça guraldy. Özboluşly çekeleşikli ýagdaýda geçirilen bu ýaryş, täze zehinleriň ýüze çykmagyna giň ýol açdy. Şeýle ýaryşlar ilki sportuň küşt, soňra dürli görnüşleri boýunça guraldy. Fakultetleriň arasynda geçirilen ýaryşda  ökdeden ökde saýlanyp, sportuň küşt görnüşi boýunça syýahatçylyk fakulteti öňdeligi eýeledi. Ýaryşyň ýeňijileri institutyň jemgyýetçilik guramalary  tarapyndan Hormat haty bilen sylaglandy. 

Begmyrat BALAKAÝEW, 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar sport klubynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm