"...ýaz gününiň ýagyşy" görkezildi

Bilşimiz ýaly häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen dünýe ýüzünde meňzeşi bolmadyk Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary öz çykyşlary bilen baýramçylyga sowgatly barýarlar. 
Şonuň ýaly sowgatlaryň biri hem dekabr aýynda, Täze ýylyň öň syrasynda gelip gowuşdy. Has dogrusy, institutymyzyň "Teatr sungaty" fakultetiniň "Drama režissurasy" hünäriniň ikinji ýyl talyby Tyllagözel Hydyrowa öz sahnalaşdyran "...ýaz gününiň ýagyşy" atly täze bir perdeli spektaklyny institutyň hormatlanýan ýolbaşçylarynyň, professor mugallymlarynyň we talyplarynyň dykgatyna hödürledi. Bu spektaklda bary-ýogy 2 sany baş keşp bolup, olar är we aýalyň keşpleridir. Hususanlykda, şol keşpleri bolsa institutymyzyň talyplary Yhlas Yslamow we Jeren Garajaýewa janlandyrdylar. 
Bu täze spektakl institutymyzyň ýolbaşçylary tarapyndan makullanyldy we tomaşaçy talyplar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.  

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm