Bitaraplyk bagty

    Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda toýlary-toýa ulaşýan Garaşsyz Watanymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramynyň toý dabaralarynyň uludan tutulýan günlerinde Bitaraplygymyzyň merdana halkymyz üçin çuňňur many-mazmuna eýedigi hakyndaky joşgunly pikirler seriňe dolýar.
    Türkmen halkynyň Bitaraplygy türkmene mahsus ähli gowy gylyk häsiýetleriň ýer ýüzüne ýaýylmasydyr. Aslynda gowulyklar her bir ynsanyň kalbynda şineläp, barýan ýollarynda hakykata öwrülýän ruhy ahwalat. Ine, hut ynsanyň özünden başlanýan gowy gylyk häsiýetleri türkmen halky nesil terbiýesinde örňedýär, ösdürýär. Her bir şahsyň özünden başlanyp, iki adamyň arasynda, soňra maşgala gatnaşyklarynda örüsini giňeldýän ynsanperwer häsiýetler bilen ajaýyp ösüşlere ýetilýär. Asudalyk, abadançylyk, parahatçylyk, doganlyga gol uzadýan aýdyň ýollar bilen diňe öňe sary gadam basmak, türkmeniň asyl ýol-ýörelgesidir.
    Türkmeniň asly-ruhy bilen, kemala gelen ynsanperwer ýörelgeleriniň, ynsanlary asuda, parahat, dost-doganlyga, abadançylyga çagyrýan syýasat bolup dabaralanmagy, her bir türkmen raýatynyň şu keremli topraga tagzymyny artdyryp, eziz Watanymyza bolan buýsanjyny hasda belende göterýär.
    Bitaraplyk derejämiz, Bitaraplyk syýasaty hökmünde ykrar bolýança, geçilen ýollar, arka atylan heňňamlar bu gün bizi buýsandyrýar. Çünki türkmen halkynyň şahsyýet mertebesini kesgitleýän ynsançylyk gatnaşyklaryny biz goňşokara gatnaşyklarynda ýa-da «Bir gören tanyş, iki gören garyndaş» diýip, her bir ynsan bilen ýakyn duýgudaşlygynda görýäris. Bular ýöne ýerden sere gelen pikirler däl-de, hakykatyň beýany. Mähribanlyk siňdirilip döredilen zatlar bolsa, ynsan ýüregine barýan ýoly çalt tapýar. Şonuň üçin hem hakykatyň çeper beýan edilen görnüşine duş gelenimizde, ony biygtyýar belläp alýarys, aňymyza siňdirýäris. Gerek ýerinde şolaryň kömegi bilen aýtmak isleýän pikirlerimizi aýdyňlaşdyrýarys.
    Her bir halk aňynda, kalbynda ýer alyp ruhuna siňen ýol-ýörelgeleriniň edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň ýer ýü- zünde dabaralanmagyny isleýär. Türkmen halkynyň hemişelik Bitaraplygy ine, şeýle barlyklaryň ýer ýüzünde dabaralanmagydyr. Türkmen halky bir supranyň başyna jem bolup, ine şeýle bagtyýarlygyň, ykrar bolan barlygyň toýuny toýlaýar.
Baky Bitaraplygymyzyň baýramy

Baky Bitaraplygymyzyň baýramy

   «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 26 ýyl doldy. Eziz Watanymyz Bitaraplyk derejämize doly kybap gelýän gazananlary bilen nesilleriň bagtyýarlygyna gönükdirilen aýdyň geljegi ýer ýüzüne jar etdi. Ynsanperwerlige ýugrulan ruhy sütün bilen ýörelýän ýollar peder arzuwlan eýýamymyzyň ýetilen menzilleri bolup, uly ynam bilen geljege tarap dowam edýär. Biziň baky bagtyýarlygymyzyň gözbaşynda durýan, agzybir halky üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň döwrümize, ömrümize nusgalyk pähim-parasatly sözleri her birimiziň dünýämize ganat, ömrümize zynat eçilýär. Türkmeni bagta ýetiren baky Bitaraplygymyz barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Anyk dünýägaraýşa daýanyp, biz goňşularymyz bilen parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, olar bilen özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýäris. Şol dünýägaraýşyň esasynda bolsa, bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň we hyz- matdaşlygyň mizemez ýörelgeleri durandyr».
    Anyk dünýägaraýşa daýanýan, şeýle ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň daşyna ulus-ilimiziň jemligi bilen amal bolýar.

Geliň, dost-doganlar görüň barçalar,
Bitaraplyk bagty aýdym Watanda.
Ýyllar uzap, dostluga ýol arçaýar,
Berkararlyk bagty aýdym Watanda.

Arkadagym arkamda dur dag deýin,
Tutýan tutumlary, işleri beýik,    
Baky bahar-ýazyň donuny geýen,
Berkararlyk bagty, aýdym – Watanda.


    Berkararlyk bagtynyň aýdym bolup ýaňlanýan eýýamynda bize diňe pederlerimizden gelýän ynsanperwer ýol-ýörelgelerimizi mynasyp dowam edip, Watanymyzyň ösüşine gazananlarymyz bilen goşant goşmak galýar.
    Biziň her birimizi ruhubelentlik bilen belent zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyz bar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz bagtly durmuşda ýaşaýarys.
    Döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, umumadamzat bähbitli işleri hemişe şowly bolsun! Toýly, baýramly günlerimiziň owazasy dünýä ýaň salsyn!

Gülzar AMANOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm