HABARNAMA

954

«Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary
tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň geçirilýändigi
barada



HABARNAMA



Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry aralygynda ýaşy

35-e çenli bolan ýaşlaryň arasynda "Ýokary tehnologiýalar we innowasion
işläp taýýarlamalar"
atly halkara bäsleşik geçirýär
.



Bäsleşigiň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.



Bäsleşigie hödürlenilýän ylmy-barlag işleri ylmyň
aşakdaky ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kabul edilýär:



1)
nanotehnologiýalar;



2) himiki tehnologiýalar;



3) täze materiallary öwrenmek;



4) energetika;



5) biotehnologiýa;



6) molekulýar biologiýa;



7) oba hojalygy;



8) ekologiýa;



9) genetika.



Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli resminamalar 2023-nji
ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär.



Ylmy-barlag işleri bahalandyrmak
we jemini jemlemek daşary ýurt döwletleriniň hem-de Türkmenistanyň alymlaryndan
düzülen Eminler topary tarapyndan amala aşyrylýar. Eminler toparynyň düzümi
Guramaçylar tarapyndan tassyklanylýar.



Birinji tapgyrda ylmy-barlag
işleri seljerilýär hem-de wajyplygyna görä saýlananlar indiki tapgyra
geçirilýär.



Ikinji tapgyrda bäsleşige
gatnaşyjylar işiň mazmunyny doly açyp görkezmek üçin onlaýn görnüşinde
diňlenilýär.



Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler
zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli
düzgünnamanyň şertlerini we
talaplary
ny berjaý etmelidirler.



Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň salgysy:
Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk
şaýoly, 104.



Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-88-79, +993 12 44-88-73



Elektron salgysy:



scientificwork.tm@gmail.com

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm