II bölüm

3533
Maýa Kulyýewa
1920 – 2018 ý.ý.

Türkmenistanyň Gahrymany, SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde eneden doguldy. Maýa Kulyýewanyň ilkinji döreden aýdymy halkyň söýgüli aýdymlarynyň biri “Garybym” diýen aýdymdyr.
Opera sahnasynda onuň ilkinji döreden keşbi Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowuň “Zöhre – Tahyr” operasyndaky Bagdat şasynyň gyzy Mahymyň keşbidir. Şowly çykan bu keşpden soňra, Maýa Kulyýewa kompozitorlar A. Kulyýew bilen Ý. Meýtusyň “Abadan” operasynda Abadanyň, Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowuň “Şasenem – Garyp” operasynda Şasenemiň, A.S. Puşkiniň “Ýewgeniý Onegin” eserine ýazylan Pýotr Çaýkowskiniň adybir operasynda Tatýananyň, D. Öwezow bilen Ý. Meýtusyň “Leýli – Mejnun” operasynda Leýliniň, Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowuň “Aýna” operasynda Aýnanyň we başga birnäçe keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň opera sungatyny dünýä ýaýmaga uly goşant goşan, SSSR-iň we Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň gahrymany maýa Kulyýewanyň döredijilik ýoly şu gün hem geljekki nesiller üçin nusgalyk göreldedir.

Annagül Annagulyýewa
1924 – 2009 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewa Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda eneden doguldy. Annagül Annagulyýewa türkmen operasynyň saýrak bilbili hökmünde, Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowuň “Zöhre – Tahyr” operasynda Şasenemiň, Weli Muhadow bilen Adrian Şapoşnikowuň “Kemine we kazy” operasynda Ogulbegiň, D. Öwezow bilen Ý. Meýtusyň “Leýli – Mejnun” operasynda Leýliniň, Werdiniň “Aidasynda” Aýidanyň Glinkanyň “Rusalkasynda” Nataşanyň, P. Çaýkowskiniň “Ýewgeniý Onegininde” Tatýananyň, U. Gajybekowuň “Arşyn mal alanynda” Telliniň we başga-da birnäçe gahrymanlaryň aýdyň keşbini türkmen tomaşaçylaryna ýetirmekde öz ussatlygyny görkezdi.

Medeniýet Şahberdiýewa
1930 –


Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa Lebap welaýatynda eneden dogulýar. Medeniýet Şahberdiýewa  ilkinji gezek Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowuň “Şasenem – Garyp” operasynda Şasenemiň, Daňatar Öwezow bilen A. Ý. Meýtusyň “Leýli – Mejnun” operasynda Bibiniň, Weli Muhadow bilen Adrian Şapoşnikowuň “Kemine we kazy” operasynda Ogulbegiň, Aman Agajykowuň “Saýathan” operasynda  Selbinýazyň, J. Rossininiň “Sewil delleginde” Rozinanyň, Pýotr Çaýkowskiniň “Garahal gelin” operasynda Prileppanyň we başga-da birnäçe keşpleri ýerine ýetirip, türkmen aýdym-saz sungatynyň saýrak bilbiline öwrüldi.
“Türkmen  bilbili” diýip, halkymyz tarapyndan ykrar edilen, hakdan içen ussat aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewa dünýä kompozitorlarynyň döreden guşla rhakyndaky aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine eýtirdi. Opera çykyşlary-da, ýekelikdäki çykyşlary-da, kamera orkestri bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlary-da aýdylyş aýratynlygy, kämil owazlylygy, hyjuwly joşgunlylygy, tehniki taýdan takyklygy, arassalygy we başga-da ençeme özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol Türkmenistanyň at gazanan artistleri Wladimr Sapegiň, Sapar mämiýew bilen bilelikde halk aýdymlarynyň birnäçesini gaýtadan işläp, ýerine ýetirdi. Onuň “Selbinýaz”, “Gelsin”, “Öwezim”, “Ýaşylbaş”, “Galmanam”, “Hemrahym”, “Dutaryň owazy”, “Kerem geldi”, “Dilberim”, “Balsaýat”, “Sen – sen”, “Gözleriň”, “Göwnüm seni”, “Gitdim”, Nowbahar gyzym”, “Ne bag duýdy, ne bagban” diýen aýdymlary halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Halypa aýdymçynyň ussatlyk bilen  ýerine ýetirýän “”Aşgabat”, “Durnalar”, “Arzuw’, “Ýagma bulut”, “Daň şemaly”, Magşuk gyzyň aýdymy”, “Türkmenistanym”, “Kepderi”, Ýara salam”, “Eje jan”, “Gumly gelin”, “Söýgimi sözläýin”, “Gözlär men” ýaly aýdymlary türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyna girdi. Ol bitiren aýratyn hyzmatlary üçin “Altyn asyr” ordeniniň III derejesi bilen sylaglandy.

Berdi Kerbabaýew
1894 – 1974 ý.ý.


Görnükli türkmen ýazyjysy Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda eneden doguldy. Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, SSSR-iň döwlet hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýraklarynyň eýesi. “Aýgytly ädim”, “Nebitdag”, “Suw damjasy – altyn dänesi”, “Aýsoltan”, “Garly çakanyň ogly”, “Gyzlar dünýäsi”, “Aýlar”, “Amyderýa”, “Magtymguly”, “Aýgytly ädim”, “Hüýrlukga – Hemra”, Gurban Durdy” (Aman Kekilow bilen), “Bu nähili beýle bolýar?”, “Abadan” (libretto), “Magtymguly” (kinofilmiň edebi esasy) ýaly eserleri döretdi.

Garaja Burunow
1894 – 1965 ý.ý.


Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, şahyr, dramaturg, terjimeçi Garaja Burunow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda dünýä indi. “Keýmir kör” (Bazar Amanow bilen bilelikde), “18 gark edilenler”, “Seýdi” pýesalaryny ýazdy. “Şasenem – Garyp”, “Leýli – Mejnun”, “Gül – Bilbil”, “Kemine we kazy”, “Aldar köse” librettolary sahnada goýuldy.
“Derňewçi” (Nikolaý Gogol), “Daş myhman” (Aleksandr Puşkin), “Tupan” (Aleksandr Ostrowskiý), “Laurensiýa” (Lope de Wega), “Lýubow Ýarowaýa” (Konstantin Trenýow), “Platon Kreçet” (Alekseý Korneýçuk), “Ot gelni” (Japar Japarly), “Otello” (Wilýam Şekspir) eserlerini türkmen diline terjime etdi.

Ata Gowşudow
1903 – 1953 ý.ý.


Türkmenistanyň halk aýzyjysy, dramaturg, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ata Gowşudow Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde dünýä indi. “Mähri – Wepa”, “Köpetdagyň eteginde”, “Perman”, “Dordepel”, “Gandym awçynyň maşgalasy”, “Oraz Serdar”, “Ganly jeňňel”, “Görogly”, “Juma” eserleri çeper döredijilik dünýäsiniň ýyldyzy bolup, okyjyny her bir döwürde hem özüne çekýär.

Towşan Esenowa
1915 – 1988 ý.ý.


Towşan Esenowa Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda eneden doguldy. Halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg Towşan Esenowa ilkinji türkmen şahyrana zenany – milli edebiýatymyzda özüniň ajaýyp goşgularydyr poemalary bilen öçmejek yz galdyrdy. Onuň çuň manyly, çeper formaly, baý ynsan duýgularyna ýugrulan eserleri türkmen edebiýatyny baýlaşdyrdy. Onuň eserleri Diýarymyzyň çäklerinden daşarda ha suzakalrda giňden tanalýardy. Towşan Esenowanyň “Uzaklara nazar”, “Gyzyl güller” ýaly ajaýyp kitaplarynda ýerleşdirilen goşgudyr poemalary okujylaryň oý-hyýallaryna, arzuw-isleglerine aralaşyp, olary özüniň şahyrana dünýäsi bilen tanyşdyrdy.
Towşan Esenowa türkmen milli teatry üçin aýratyn hyzmat bitiren dramaturgdyr. Onuň “Şemşat”, “Gelin gelýär’, “Seniň yşkyňda”, “Duşmanlar” ýaly pýesalary milli teatryň sahnasyny bezedi. Onuň aýratyn pýesalary beýleki halklaryň dillerine-de terjime edildi. Towşan Esenowanyň “Şemşat” komediýasy türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen Ongünlüginde (1955 ý.) görkezilip, türkmen sahna sungatyna uly abraý getirdi.

Güseýin Muhtarow
1914 – 1980 ý.ý.


Dramaturg, SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi Güseýin Muhtarow Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde dünýä indi. Döreden çeper eserleriniň içinde “Bagbanyň gyzy”, “Kümüş gapyrjak”, “Çopan ogly” (Gara seýitliýew bilen), “Allan aganyň maşgalasy”, “Murgabyň kenarynda”, “Şadyýan myhman”, “Möhüm operasiýa”, “Şeýtan zürýatlary”, “Agtyklam bolsa, öýlenjek”, “Komsomol sözi”, Birgadir”, “Daň atanda”, “Japbaklar”, “Otuzynjy ýyllar”, “Kim jenaýatkär?” pýesalary, “Gunça” librettosy uly orun eýeleýär.
Görnükli dramaturg ýazyjy Güseýin Muhtarow “Çopan ogly”, “Maşgalanyň namysy”, “Säherdäki atlylar”, “Ýanýan arabanyň ýoly” kinossenarilerini döreden ussat hökmünde hem bellidir.

Gara Seýitliýew
1915 – 1971 ý.ý.


Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda dünýä indi. “Bagbanyň gyzy”, “Kümüş gapyrjak”, “Çopan ogly” (Güseýin Muhtarow bilen), “Jahan”, “Baky diriler” pýesalary ony ussat drmaturg hökmünde ilimize tanatdy.
Gara Seýitliýewiň şahyrana döredijiliginiň nähili ýokary derejededigini, onuň goşgularyna döredilen “Joş, kanalym”, “Aşgabat”, “Gözleriň”, “Hallygözel”, “Kolhozuň güli”, “Leýla”, Balykçynyň aýdymy”, “Zor oglan”, “Hallar saňa”, “Dnepriň kenarynda”, “Şat Watanymyň aşygy men” aýdymlary aýan edýär.

Annaly Berdiýew
1932 – 2001 ý.ý.


Terjimeçi, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Annaly Berdiýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda eneden doguldy. “Elwan ýaglykly serwim” (Çingiz Aýtmatow), “Aý tutulan gijesi” (Mustaý Kerim), “Hanuma” (Awksentiý Sagarelli), “Romeo we Žulýetta” (Wilýam Şekspir), “Riçard – III” (Wilýam Şekspir), “Nadaranyň nogtalanyşy” (Wilýam Şekspir), “Edip şa” (Sofokl).

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm