Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
3150Türkmen döwlet medeniýet institutynda jemgyýeti öwreniş ylymlary boýunça okadylýan dersler ýaşlaryň yurtda, jemgyýetde bolup geçýän özgerişler baradaky diňe bir habarlylygyny däl, eýsem, şol jemgyýetiň özgerişiniň ýollaryny öwrenmeklerini, bilmeklerini hem-de olary şol özgerişe işewür gatnaşjak adamlar edip ýetişdirmek maksadyndan ugur alýar. “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynda Türkmenistanyň taryhy, Türkmenistanyň kanunçylygy, Filosofiýa, Sosiologiýa, Syýasaty öwreniş, Ykdysady teoriýa, Häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Pedagogika, Psihologiýa, Ahlak we gözellik nazaryýeti dersleri öwredilýär. “XVIII asyr türkmen ruhy medeniýeti”, “Türkmen halk döredijiliginde ahlak meseleleri”, “Garaşsyzlyk medeniýeti we medeni miras”, Medeniýet boýunça ensiklopedik sözlük, “Sufizmde nebis meselesi”, “Golýazma mirasy medeni ösüşiň esasy çeşmesidir”, “Türkmen dessanlary aýdym-saz sungatynyň gymmatly çeşmesi” ýaly ugurlar boýunça ylmy işler alnyp barylýar.