Teatr sungaty fakulteti

8404

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakulteti 1992-nji ýylda institutyň döredilmegi bilen açyldy. Şol ýyldan bäri bu ýokary okuw mekdebiň goýnunda hazirki wagtda medeniýet ulgamynyň dürli sahalarynda zähmet çekýän sungat ussatlarynyň ençemesi taýýarlanyldy. 

“Teatr sungaty” fakultetinde jemi üç kafedra hereket edýär

  • Režissura
  • Aktýor ussatlygy we sahna dili
  • Kino we teleradio sungatlary.
“Teatr sungaty” fakultetinde Türkmenistanyň Halk artistleri, Türkmenistanyň at gazanan artistleri, Türkmeniň altyn asyry atly bäsleşigiň ýeşijileri öz hünär ussatlyklary bilen talyplara sapak berýärler. Hünärmenler ýurdumyzyň teatrlarynda, kino sungatynda, welaýat medeniýet merkezlerinde, halk teatrlarynda, döwlet sirkinde, sungat mekdeplerinde we başga-da birnäçe medeniýet ojaklarynda degişli wezipeleri eýeläp bilerler. Türkmenistanda bar bolan ähli teleýaýlymlarda işlemäge mynasyp, ylymly-bilimli hünärmenleri, wagyzçylary, alypbaryjylary, teleýaýlym režissýory, telekinooperatorlary, ses režissýoryny, yşyk boýunça hünärmeni taýýarlamak teatr fakultetiniň paýyna düşýär.

KAFEDRALAR

“ KINO WE TELERADIO SUNGATLARY”

1. Telewideniýe (Operatorçylyk işi we montažyň režissurasy)
2. Telewideniýe (Teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak)
3. Telewideniýe (Telewideniýe režissurasy)

“AKTÝORLYK USSATLYGY WE SAHNA DILI”

1. Aktýorçylyk sungaty (Drama we kino sungaty)
2. Drama režissurasy
3. Dramaturgiýa

“REZISSURA WE TEATRY ÖWRENIŞ”

1. Ses režissurasy
2. Sirk sungaty
3. Yşyklandyrma tehnologiýasy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm