Kino we teleradio sungatlary kafedrasy

1509

Kinoda we telewideniýede işlemek üçin taýýarlanylýan bakalawrlara milli we ruhy terbiýe bermek bilen, dünýä kinosynyň we telewideniýesiniň gazananlaryny okuwa ornaşdyrmak arkaly okadylýar, nazary okuw önümçilik tejribe bilen utgaşdyrylýar.

“Kino we teleradio sungatlary”

1. Bakalawr ugry boýunça: Kitaphana işi
Telewideniýe (Operatorçylyk işi we montažyň režissurasy) taýýarlygyň bakalawr ugry

Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda milli kino sungatynyň we telewideniýäniň häzirki zaman şertlerinde ösüş derejesi kesgitlenildi, kino we telewideniýä bolan talap, sungatyň bu ugruny kämil derejä çykarmak, kinonyň we telewideniýäniň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Kinoda we telewideniýede işlemek üçin taýýarlanylýan bakalawrlara milli we ruhy terbiýe bermek bilen, dünýä kinosynyň we telewideniýesiniň gazananlaryny okuwa ornaşdyrmak arkaly okadylýar, hünär öwredilýär. Telewideniýäniň bakalawrlaryny ösdürip ýetişdirmek, ýokary okuw mekdebiniň tassyklanylan okuw meýilnamalary esasynda alnyp barylýar we nazary okuw önümçilik tejribe bilen utgaşdyrylýar.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  ýurdumyzyň teatrlarynda hem teleýaýlymlarynda, kino-wideo birleşiginde, medeniýet köşklerinde, medeniýet we sungat mekdeplerinde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  ýokary hünär taýýarlykly medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Hormatly Prezidentimiziň syýasatyna dogry düşünýän we ony gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr.
Ilkinji nobatda bu talaplar telekinooperatorlar, montažyň režissýorlary üçin kino sungatynyň we telewideniýäniň taryhyny seljermegi, ony düýpli öwrenmegi, kino sungatynyň we telewideniýäniň nazaryýetini amal etmegi we onuň şu günki meselelerini seljermegi, olary çözmäge, çözgüdi barada ylmy esasda teklip bermäge ýardam etmegi göz öňünde tutýar.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahsyýet bolmalydyr.

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriniň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy–barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • kino sungatyny öwrenmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • türkmen kinosynyň taryhy, daşary ýurt kinosynyň taryhy, kino we teleýaýlymyň taryhy, bütindünýä sungatynyň taryhy, döredijilik psihologiýasy, sözleýiş we dil medeniýeti, Türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýratmaklygyň usullary, daşary ýurt dilleri (rus, iňlis) derslerini öwrenmek bilen bu dersler boýunça alan bilimini iş tejribesinde kemsiz peýdalanmak we teatr sungatynyň kämil gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda oýlanyşykly işlemekligi.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar ýokary okuw mekdebinde göz öňünde tutulan maksatnamany doly özleşdirip, ýokary bilimli telekinooperator, montažyň režissýory hökmünde öz hünärini kämil bilýän, kärini yzygiderli kämilleşdirýän, ylmy-döredijilik gözlegleri bilen döwrebap kino sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly goşant goşýan edepli we göreldeli şahs bolmalydyr. Ol dünýä kino sungatyndan habarly bolup, türkmen kinosyny işeňňir wagyz etmelidir.

  • kinonyň we telewideniýäniň iş aýratynlyklaryny guramagy;
  • režissýorlar bilen döredijilikli işlemegi we onuň netijesinde ýokary çeperçilikli kino eserini döretmegi;
  • režissýor bilen täze goýulýan kino eseriniň çözgüdini tapmagy;
  • kinonyň we telewideniýäniň döredijiligi boýunça teleradioýaýlymlarda, tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda şekilleriň üsti bilen wagyz etmegi;
“Kino we teleradio sungatlary”

2. Telewideniýe (Teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak)
Telewideniýe (Teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak) – taýýarlygyň bakalawr ugry

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  teleradiogepleşikleri alyp baryjylary ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, olara milli we ruhy terbiýe bermek, dünýä teleradiosynyň gazananlaryny okuwa ornaşdyrmak, nazary okuwy önümçilik tejribe bilen utgaşdyrmak arkaly taýýarlanylýar.
Olar  ýurdumyzyň teatrlarynda, radioýaýlymlarynda hem teleýaýlymlarynda, kino-wideo birleşiginde, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, medeniýet köşklerinde, medeniýet we sungat mekdeplerinde, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň degişli habarlar gulluklarynda ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  ýokary hünär taýýarlykly medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Hormatly Prezidentimiziň syýasatyna dogry düşünýän we ony gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr.
Ilkinji nobatda bu talaplar alyp baryjylar üçin niýetlenendigi sebäpli, teleradionyň taryhyny seljermegi, ony düýpli öwrenmegi, teleradionyň nazaryýetini amal etmegi we onuň şu günki meselelerini seljermegi, olary çözmäge, çözgüdi barada ylmy esasda teklip bermäge ýardam etmegi göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzyň teleradiosy uzak hem çylşyrymly ýoly geçdi. Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahsyýet bolmalydyr.

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriniň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy–barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • teleradiony öwrenmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • türkmen teleradiosynyň taryhyny, daşary ýurt teleradiosynyň taryhyny, žurnalistikanyň esaslaryny, dünýä nusgawy alyp baryjylary, kino we teleýaýlymyň taryhyny, bütindünýä sungatynyň taryhyny, sazyň taryhyny, bezegiň taryhyny, döredijilik psihologiýasyny, sözleýiş we dil medeniýetini, Türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýratmaklygyň usullaryny, daşary ýurt dilleri (rus, iňlis) derslerini öwrenmek bilen bu dersler boýunça alan bilimini iş tejribesinde bir kemsiz peýdalanmak we teleradionyň kämil gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda oýlanyşykly işlemekligi.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar ýokary okuw mekdebinde göz öňünde tutulan maksatnamany doly özleşdirip, ýokary bilimli, ökde alyp baryjy hökmünde, öz hünärini kämil bilýän, kärini yzygiderli kämilleşdirýän, ylmy-döredijilik gözlegleri bilen döwrebap teleradiony ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly goşant goşýan edepli we göreldeli şahs bolmalydyr. Ol dünýä teleradiosyndan habarly bolup, türkmen teleradiosyny işeňňir wagyz etmelidir.
  • teleradiony öwreniji bakalawr telessenariýany we radiossenariýany ýazmagy;
  • teleradionyň iş aýratynlyklaryny guramagy;
  • awtorlar, ýazyjylar bilen döredijilikli işlemegi we onuň netijesinde ýokary çeperçilikli teleradiogepleşikleri döretmegi;
  • režissýor bilen täze ýazylan ssenariýanyň çözgüdini tapmagy;
  • awtor alyp baryjy aktýorlary döredijilik gözleginde gerek bolan hünär talaplary bilen üpjün etmegi;
  • taýýarlanylýan gepleşikler boýunça jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalary wagyz etmegi başarmalydyr.
“Kino we teleradio sungatlary”

3. Telewideniýe (Telewideniýe režissurasy)
Telewideniýe (Telewideniýe režissurasy) – taýýarlygyň bakalawr ugry

Häzirki zaman ösüş şertlerinde türkmen telewideniýesine bolan talaplaryň artmagy bilen sungatyň bu ugruny kämil derejä ýetirmekligi, telewideniýäniň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmekligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky edara-kärhanalarda telewideniýe režissýorynyň zerurlygyny nazara alyp, ýokary bilimli bakalawrlar bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.
 Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini gorap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  köpçülik bilen işleşmegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Olar  düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • telewideniýe režissurasy taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça TW režissurasy, TW radiogepleşikleri guramak we alyp barmak, telessenariýa ussatlygy, montaž, aktýorçylyk sungaty,  režissura hünärini öwrenmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • milli we daşary ýurt telewideniýesiniň, kinosynyň taryhyny;
  • milli we daşary ýurt telewizion režissýorlaryny, režissuranyň (esaslaryny) nazaryýetini, dramaturgiýanyň, žurnalistikanyň esaslaryny;
  • türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýratmaklygyň usullaryny, daşary ýurt dillerini (rus, iňlis) we beýlekileri.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

Telewideniýe režissýory taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça zehinli, pikirlerini çeperçilik serişdelerine ýugrup, dogry logiki pikir yzygiderliligi esasynda tomaşaçylara ýetirip bilýän, ýokary adamkärçilik taýdan tapawutlanýan, talap ediji hünärmen bolmak ugrunda irginsiz zähmet çekmeli;
  • Ýurdumyzda Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatlary bilen aýakdaş gitmegi:
  • Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat, şol sanda telewideniýe işgärlerine berýän sargytlaryndan ugur alyp, döredijilikli zähmet çekmekligi;
  • Milli tele we radio ýaýlymlarda işlemäge mynasyp, ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin dersiň okadylyş usullaryny düzmekligi;
  • Telewideniýede we radioda gepleşikleri ýaýlyma taýýarlamak işinde döredijilik we tehniki işgärleriň edýän işini ugrukdyrmagy;
  • Döwrebap pikirler esasynda ylmyň, bilimiň gazananlary bilen aýakdaş gitmegi;
  • Ssenariýalaryň temasyna, pikirine, dramaturgiýasyna, kompozission gurluşyna gerek ýerinde düzediş girizmegi;
  • Ýazgy döwründe ähli guramaçylyk işleri bilen bir hatarda, sahnalary aýratynlykda ssenariýanyň režissýorlyk nusgasy esasynda ýazgy etmegi;
  • Timarlaýyş (montaž) döwründe şekilleri ýerli-ýerinde goýmaklygyň usullaryny, ondan soňky ses we saz beriş möwsümiň zerur ähmiýetini bilip, olardan ýerlikli peýdalanmaklygy;
  • Režissuranyň döwrebap usullarynyň esaslaryny yzygiderli öwrenip, ony tejribede ulanmaklygy;

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm