Režissura kafedrasy

2203

Häzirki zaman ösüş şertlerinde drama teatryna bolan talaplaryň artmagy bilen sungatyň bu ugruny kämil derejä ýetirmekligi, teatr sungatynyň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmekligi, ýurdumyzda drama teatrynyň režissýoryna bolan zerurlygy nazara alyp, ýokary bilimli bakalawrlar bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.

“Režissura”


1. Ses režissurasy
Ses režissurasy – taýýarlygyň bakalawr ugry

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini gorap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  köpçülik bilen işlemegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Olar  düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

  • hünär boýunça taýýarlanylan okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýratmaklygyň usullary, daşary ýurt dillerini (rus, iňlis) öwrenmek bilen, bu dersler boýunça alan bilimini iş tejribesinde kemsiz peýdalanmak we kino, teatr sungatynyň kämil gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda oýlanyşykly işlemekligi;
  • ses režissurasy;
  • seslendirmek;
  • akustika;
  • TW, kino, sahna saz bezegi;
  • montaž;
  • sahna we ekran sungatlaryny öwrenmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriniň esaslaryny;
  • milli we daşary ýurt teatr, kino we telewideniýe sungatlarynyň taryhy;
  • milli we dünýä şekillendiriş sungatynyň taryhyny we beýlekileri.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

Ses režissurasy taýýarlygyň ugruna zehinli, pikirlerini çeperçilik serişdelerine ýugrup, dogry logiki pikir yzygiderliligi esasynda diňleýjilere we tomaşaçylara ýetirip bilýän, ýokary adamkärçilik taýdan tapawutlanýan, talap ediji işgär bolmak ugrunda irginsiz zähmet çekmeli;
  • Ýurdumyzda Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatlary bilen aýakdaş gitmegi;
  • Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat, şol sanda teatr, kino we telewideniýe işgärlerine berýän sargytlaryndan ugur alyp, döredijilikli zähmet çekmekligi;
  • Döwrebap temalar esasynda kämil pikirleri öňe sürýän kämil eserleri döretmekligi;
  • Döredýän eserleriniň üsti bilen milliliklerimizi işeňňir wagyz etmekligi;
  • alan ylmyna we bilimine esaslanyp ýagtylyk we seslendiriji signallaryny göýberýän we kabul edýän hem-de seslendirilýän signallaryny güýçlendirip işleýän esbaplary, gurallary ýerlikli peýdalanmagy;
  • akustika, seslendirmek, ses režissurasy dersleri akustika giňişlikde, ses meýdany giňişlikde, mikrofonlar, akustiki otaglar, zolakda, zolakda däl seplendiriliş tehnikasynda we beýleki derslerinden alnan bilimlere esaslanmaklygy;
  • ses režissurasynyň (kino, telewideniýe, teatr, köpçülikleýin geçirýän çäreleriň ses režissýory) ugurlaryna düşünip durmuşa geçirmekligi;
  • sazyň, sesiň jadylaýjy güýji bilen halka ruhy lezzet bermekligi;
  • hünärmen özlerinden edilýän talaplardan ugur alyp, geljekde şol hünärlerinden näme garaşylýandygyna many-mazmunyna mäkäm düşünmek we öz bilimini ýokarlandyrmaklygy;
  • kino we teatr režissýory bilen sazlaşykly işlemekligi;
  • režissýor we kompozitor bilen goýuljak filmiň, oýnuň režissýorynyň ssenariýasynyň çözgüdiniň üstünde işlemekligi;
  • sungatlaryň ugurlary boýunça metbugatda, teleradioýaýlymlarda, tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda wagyz etmekligi;
“Režissura”

2. Sirk sungaty
Sirk sungaty – taýýarlygyň bakalawr ugry

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda sirk sungatynyň pajarlap ösmegi üçin deňsiz-taýsyz alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda türkmen milli sirk sungatynyň häzirki zaman şertlerinde ösüş derejesi kesgitlenildi, milli sirkimize bolan talap, sungatyň bu ugruny kämil derejä çykarmak, sirkiň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmen döwlet sirki dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp bina eýe boldy, sirkde işlemek üçin taýýarlanylýan bakalawrlara milli we ruhy terbiýe bermek bilen, dünýä sirkiniň arenasynda gazananlaryny okuwa ornaşdyrmak arkaly okadylýar, hünär öwredilýär.
Sirk artistlerini ösdürip ýetişdirmek, esasan, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň tassyklaýan okuw meýilnamalary esasynda alnyp barylýar. Medeniýet institutynda bu sirk sungaty üçin niýetlenen bakalawrlary taýýarlaýan işi maksadalaýyk ýola goýmak bilen, nazary okuw önümçilik tejribe bilen utgaşdyrylýar.
Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, sirk sungatyna ýokary bilimli bakalawrlaryň, ýagny,  sirk artistleriniň zerurlygyny nazara alyp, sirk artistlerini ýetişdirmek wajyp hem-de şu günki günüň esasy talaplarynyň biri hasaplanylýar.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar ýurdumyzyň milli sirkinde, kino önümçiligi kärhanalarynda, welaýat aýlawlarynda we başga-da birnäçe medeniýet ojaklarynda niýetlenen wezipeleri eýeläp bilerler.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Hormatly Prezidentimiziň syýasatyna dogry düşünýän we ony gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr.
Ilkinji nobatda bu talaplar sirk artistlerine niýetlenendigi sebäpli, türkmen sirkiniň taryhyny seljermegi, ony düýpli öwrenmegi we onuň şu günki meselelerini seljermegi, olaryň çözgüdi barada ylmy esasda teklip bermäge ýardam etmegi göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzyň sirk sungaty uzak hem çylşyrymly ýoly geçdi. Şonuň üçin sirk artistleri zehinli, dünýä arenalarynda çykyş edip biljek, taýýarlykly hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahsyýet bolmalydyr.
 
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar
 
  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumy nazaryýet we ynsanýetçilik dersleriniň esaslaryny;
  • önümçilik we nazary dersleriň esaslaryny;
  • estrada we sirk sungatyny öwrenmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • türkmen döwlet sirkiniň döreýşiniň taryhyny, dünýä sirkleriniň görnüşlerini we aýratynlyklaryny, türkmen teatrynyň we kinosynyň taryhyny, daşary ýurt teatrynyň taryhyny, türkmen edebiýatyny, daşary ýurt edebiýatyny, dünýä nusgawy dramaturgiýasyny, kino we teleýaýlymyň taryhyny, türkmen sirk  artistleriniň ömür-döredijiligini, daşary ýurt sirk artistleriniň ömür döredijiligini, etikany, estetikany, şekillendiriş sungatyny, aýdym-sazyň taryhyny, psihologiýany, sözleýiş we dil medeniýetini, türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýratmagyň usullaryny, daşary ýurt dillerini (rus, iňlis) öwrenmek bilen bu derslerden alan bilimini iş tejribesinde kemsiz peýdalanmak we sirk sungatynyň kämil gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda oýlanyşykly işlemegi.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

Ýokary okuw mekdebinde göz öňünde tutulan maksatnamany doly özleşdirip, ýokary bilimli sirk aktýory hökmünde öz hünärini kämil bilýän, kärini yzygiderli kämilleşdirýän, ylmy-döredijilik gözlegleri bilen döwrebap sirk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly goşant goşýan edepli we zehinli şahs bolmalydyr. Ol dünýä sirk sungatyndan habarly bolup, türkmen milli sirk sungatynyň äleminde öz döredýän tomaşasy bilen eziz Watanymyzda bolup geçýän özgerişlikleri yzygiderli wagyz etmelidir.
  • sirk artistleri özboluşly tomaşalary döretmegi;
  • awtorlar, ýazyjylar bilen döredijilikli işlemegi we onuň netijesinde öz döredýän oýunlarynyň doly çözgüdini bilmegi;
  • režissýor bilen arenada goýulýan oýunlarynyň çözgüdini tapmagy;
  • sirkiň arenasynda alyp barýan döredijilik işleri barada gazet–žurnallarda, teleradioýaýlymlarda, tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda wagyz etmegi başarmalydyr.
“Režissura”

3. Yşyklandyrma tehnologiýasy
Yşyklandyrma tehnologiýasy – taýýarlygyň bakalawr ugry.
 
Häzirki zaman ösüş şertlerinde kino sungatyna bolan talaplaryň artmagy bilen, sungatyň bu ugruny kämil derejä ýetirmekligi, teatr we kino sungatynyň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmekligi, ýurdumyzyň kino önümçiliginde, telewideniýede we teatrlarda yşyklandyrma tehnologiýasy boýunça işgärleriň  zerurlygyny nazara alyp, ýokary derejeli bakalawr bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar  ýokary hünär taýýarlykly medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentine wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Hormatly Prezidentimiziň syýasatyna dogry düşünýän we ony gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr.
Bu talaplaryň kino we telewideniýe ulgamynda zerurlygy bilen baglylykda, kino sungatynyň taryhyny seljermegi, ony düýpli öwrenmegi, kino sungatynyň nazaryýetini amal etmegi we onuň şu günki meselelerini seljermegi, olary çözmäge, çözgüdi barada ylmy esasda teklip bermäge ýardam etmegi göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzyň kino sungaty uzak hem çylşyrymly ýoly geçdi. Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahsyýet bolmalydyr.

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriniň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy–barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriniň esaslaryny;
  • teatr sungatyny öwrenmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriniň esaslaryny;
  • türkmen teatrynyň taryhyny, daşary ýurt teatrynyň taryhyny, kino we teleýaýlymyň taryhyny, bütindünýä sungatynyň taryhyny, saz taryhyny, bezeg taryhyny, döredijilik psihologiýasyny, sözleýiş we dil medeniýetini, Türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýratmaklygyň usullaryny, daşary ýurt dilleriniň (rus, iňlis) derslerini öwrenmek bilen , bu dersler boýunça alan bilimini iş tejribesinde doly peýdalanmak, teatr we kino sungatlarynyň, telewideniýäniň kämil gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda oýlanyşykly işlemekligi.
  • Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar ýokary okuw mekdebinde göz öňünde tutulan maksatnamany doly özleşdirip, ýokary bilimli yşykçy hökmünde öz hünärini kämil bilýän, kärini yzygiderli kämilleşdirýän, ylmy-döredijilik gözlegleri bilen döwrebap teatr we kino sungatlaryny, telewideniýäni ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly goşant goşýan edepli we göreldeli şahs bolmalydyr. Ol dünýä teatr, kino sungatlaryndan habarly bolup, türkmen teatryny, kinosyny we telewideniýesini işeňňir wagyz etmelidir.
  • Yşyklandyrma tehnologiýasynyň bakalawry :
  • teatryň iş aýratynlyklaryny guramagy;
  • awtorlar, režissýorlar bilen döredijilikli işlemegi we onuň netijesinde ýokary çeperçilikli yşyk bezegini döretmegi;
  • režissýor bilen täze goýlan spektaklyň sahna çözgüdini tapmagy başarmalydyr.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm