Sylaglar gowşuryldy
1291Ýurdumyzyň durmuşynda iýun aýynda köpsanly taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Şolaryň esasylary, ýurdumyzda Medeniýet we sungat hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, dünýäde “akylly şäher” şähergurluşyk taslamasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bilen baglanyşyklydyr. Şol çärelere ýurdumyzyň bilim hem-de döredijilik ulgamynyň wekilleri hökmünde institutymyzyň talyplary hem-de mugallymlary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Iýun aýynyň 8-ine institutda geçirilen sylag gowşurylyşyk dabarasynda ylym-bilimi ösdürmek işine özüniň goşandyny goşýan, şeýle-de döwlet çärelerinde tapawutlanan halypa mugallymlary hem-de talyplary hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu dabara çäre 2022–2023-nji okuw ýylynda bilim-terbiýeçilik, döredijilik ugrunda gazanylanlaryň hem mynasyp dowamyna öwrüldi.
Institutyň ýolbaşçylary tarapyndan tapawutlanan halypa mugallymlara we talyplara sagbolsun aýdyldy. Bu dabaraly çäre döredijilik ugurly okuw mekdebimiziň agzybirlikdäki işine täzeden badalga berdi. Ders we taslama olimpiadalarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini täze işlere ruhlandyrdy.
Çepbäýew Annaçary
Medeni guramaçylyk kafedrasynyň müdiri,
uly mugallym