Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary
1022Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralar uly şatlyk-şowhun bilen başlandy. Ir säher bilen özleriniň mähriban ylym ojagyna ýygnanyşan talyplar eziz Watanymyzy bolan buýsançlaryny, mähriban Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşly ýürek sözlerini şygyr bilen sazda joşgunly beýan etdiler. Ilkinji jaň kakylanyndan okuw otaglarynda ara salym salyp, ýene-de ylym bilen baglanyşykly söhbetler başlandy. Ilkinji sapaklar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim syýasatynyň ösüşlerdäki orny hakynda boldy.
Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen döwlet derejesindäki uly çärelere gatnaşanlar bolsa, şol taryhy pursatlary hiç unutmazlar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Arkadag şäherinde hem-de ýurduň welaýatlarynda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdebi we okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy açylyp ulanylmaga berildi. Bu dabaralara institutymyzyň döredijilik toparlary özleriniň buýsançly çykyşlary bilen gatnaşdylar.
Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüniň tutulyş dabaralary, döwletimizde durmuşa geçirilýän ylym-bilim syýasatynyň ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna yzygiderli gönükdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni hakydalarymyzda başymyzy Asmana ýetiren ajaýyp wakalar bilen orun aldy.
Kerwen Şamyradow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy