«Bilimler we talyp ýaşlar güni»

871
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly turuwbaşdan şanly senelere, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni hem şeýle wakalara baý günleriň biri boldy. Ýagny, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde birnäçe desgalar bilen bir hatarda türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň atasy ussat mugallym, Watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň adyny göterýän Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslendi.
   Dabarada mukaddes bilim ojagymyz bolan Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň agzybir talyplaryndan düzülen edebi sazly kompozisiýa bilen çykyş etdik. Onda Berdimuhammet Annaýewiň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew täsirli ýerine ýetirmegi mekdep okuwçylarynyň hem hyjuwly goşandy bellärliklidir. Kompozisiýanyň dowamynda ussat mugallym, Watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň  şöhratly ömür ýoly, ýaş nesiliň terbiýesi, mugallymyň zähmeti, täze mekdep hakynda bellenildi.
   Soňra, Arkadagly Serdarymyz mekdebiň toý bagyny kesip, onda talyplaryň kämil bilim almaklary üçin, okuwlaryndan daşary sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga, döretmäge we dynç almaga döredilen giň mümkinçilikler bilen tanyşdy. 
      Hoşlaşyk pursady dabara gatnaşyjylaryň Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri bilen utgaşdy.


«Medeniýeti öwreniş» kafedrasynyň mugallymy, 
institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy
Guwançmyrat Amangeldiýew

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm